Halkara 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsyn!

Mähriban zenanlar, sizi 8-nji mart Halkara zenanlar güni bilen gutlaýarys, durmuşyňyzda üstünlik, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt arzuw edýäris.

В этот чудесный день весенний
Хочу послать Вам поздравления!
Пусть дом наполнится теплом,
Любовью, верностью, добром.
Пусть Ваша красота цветет,
Стабилен будет пусть доход.
Пусть мир вокруг приносит радость,
Пусть счастье не теряет сладость,
Пускай все смотрят с восхищением.
И принимайте поздравления!

Satlyk harytlary nirede reklama etmeli?

Herkim durmuşynda birzatlar satmaly bolandyr ýa-da indi satmaly bolar. Mysal üçin: jaý, maşyn, telefon, egin-eşik, kompýuter, öý tehnikasy we şuňa meňzeş ulanylmaýan öý goşlary. Öňler satmak isleýän harydymyzy tanyşlarymyza aýdardyk ýa-da maşyn satjak bolsak bazara çykarardyk. Indi bolsa internediň giňden ýaýramagy bilen satlyk uludyr-kiçi harytlarymyzy internetde goýýarys. Häzirki wagtda internetde reklama diýlende iki şekil has köp ulanylýar.

Birinjisi Internetdäki mugt reklama saýtlary, ikinjisi line reklama akkauntlary. Her ikisiniňem öz aýratynlyklary bar we ikisiniňem netijesi gowy. Geliň hersiniň amatlyklaryna ( + plýus) we kemçiliklerine ( — minus) seredeliň.

Internetdäki mugt reklama saýtlarynyň aýratynlyklary:

+ Reklama goýmak hemmesinde diýen ýaly mugt we özüň goýmaly.
+ Saýtda goýmak mugt bolany üçin bildirişi hemmesinde goýup bolýar.
+ Web saýtlardaky reklamalar google gözlegde we saýtyň öz içindäki gözlegde çykýar, aňsatlyk bilen tapylýar we köp wagtlap müşderiniň dykkatyny çekýär.
+ Satlyk harytlary bahasyna we aýratlyklaryna görä gözläp bolýar. Mysal üçin jaýda otag sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
+ Reklamalar degişli bölüme goýulýanlygy üçin alyjy üçin harydy tapmak we deňeşdirmek aňsat.
+ Bildirişiňiz saýtda goýylan beýleki meňzeş harytlar bölüminde hem çykyp, goýan bahaňyz amatly bolsa tiz satylyp biler.
+ Saýtda goýulan reklamalar uzak wagtlap durýar.
+ Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly saýda girip öz goýan bildirişiňizi pozup bolýar.
+ Web saýtda suratlar hemişe açylýar.
— Goýulan reklamalar herkime sms ýa-da çat görnüşde gidenok.

Linede reklamanyň aýratynlyklary:

+ Goýulan reklamalar herkime çat bolup gidýär we adamlaryň dykkatyny çekýär.
+ Linede herkim öz tanyşy, işdeşi, garyndaşy, dogany bilen gürleşmek üçin ulanýandygy sebäpli aktiw we gyzyklanýan ulanyjylar köp. Olar siziň reklamaňyzy öz tanyşlary bilen paýlaşýarlar. Bu bolsa hardyňyz amatly bolsa tiz satylmagyna kömek edýär.
— Reklama goýmak köp adamly akkauntlarda tölegli. Bu sebäpden reklama goýurjak akkaunt sany puluňyza görä köp ýa-da az bolup biler.
— Reklama akkauntlary köp bolany üçin olaryn içinde iň amatlysyny tapmak kyn. Siz diňe tanyşlaryňyzyn paýlaşan akkauntlaryna goşulup bilýäňiz. Emma ol akkaunda goşulmadyk adamlar siziň reklama edýän harydyňyzy görmeýär we bilmeýar. Bul bolsa alyjylaryň sanyny azaldýar. Has köp alyja harydyňy ýetirmek üçin dürli akkauntlarda reklama etmeli bolýar we hersiniň tölegi aýry bolany üçin harydyňyzy köp adama ýetirmek harajatly bolýar.
— Akkaunda beýleki reklamalar hem goýylýandygy üçin siziň reklamaňyz 1-2 gün soň aşaga süýşýär we ýitip gidýär. Täzeden reklama etdirmek üçin ýene pul tölemeli.
— Reklama goýmak uçin admine ýazmaly we töleg geçirmeli. Özüňiz islän wagtyňyz goýup ýa-da üýtgedip bileňizok.
— Çatde iberilen reklamada ýalňyşlyk bolsa üýtgedip bolanok.
— Ähli reklamalaryň bir ýerde goýulýandygy üçin gerekli harydy tapmak kyn.
— Lentada haryt tapmak üçin gözleg ýok. Çatde gözleg bar, ýöne bahasyna ýa-da harydyň aýratynlygyna görä gözledip bolanok. Mysal üçin: jaýda otag sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
— Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly akkaundyň adminine haýyş edip reklamaňyzy pozdurmaly. Ýöne çat bilen iberilen reklamalar pozulmaýar, diňe lentadaky pozulýar.
— Linede reklama gyzyklanmaýan adamlara hem barýar. Mysal üçin: maşyn aljak adama jaý ýa-da telefon reklamasy hem gelip bilýär. Netijede bul adam wagty bilen şol akkaundy bloga salyp bilýär.
— Linede käwagt suratlar açylman bilýär we satlyk harydyň suradyny görmek kynlaşýär.

Netijede her iki şekilde-de reklama etmegiň amatlygy we käbir kemçilikleri bar. Web saýtda reklama mugt, uzyn wagtlyk, gözlegi aňsat. Linede reklama tölegli ýöne ulanyjylayň aktiw bolanlygy üçin amatly bahaly harytlary satmak mümkin. Bu sebäpden iň amatlysy satlyk harydyňyzy ikisinde-de reklama etmeli, çünki biriniň kemçiligini beýlekisi ýapýar we harydyňyzyň tiz satylmagyna sebäp bolýar.

Eger linede reklama etdirip netije almadyk bolsaňyz, hökman mugt reklama saýtlaryna bildiriş goşuň. Eger-de web saýtda bildiriş goşup garaşylan netije almadyk bolsaňyz, line akkauntlarynda reklama etdirip görüň ýa-da hiç bolmanda web saýtdaky bildirişiňizi linede dostlaryňyz bilen paýlaşyň we öz lentaňyza goşuň.

Satlyk Göni (prýamoý) nomerler

Saýtymyzdaky satlyk göni (prýamoý) nomerleri şu ýerden görüp biersiňiz. Satlyk nomer köpelenligi sebäpli olary satlyk telefonlar bölüminden çykaryp aýry bir bölüme geçirdik. Indi satlyk nomerleri operatora görä (Altyn Asyr TMcell, MTS), göni nomerleri we owadan (krutoý) nomerleri aýratynlyklaryna görä gözlap bilersiňiz.

Göni nomer näme?

Göni (prýamoý) nomer, öý telefonyndan hiç hili kod aýlamazdan göni aýlanýan nomerler. Göni nomerlere jaň etmek üçin sekizlik ýa-da onlyk açdyrmak gerek däl, edil öý nomerden başga öý nomere aýlanýan ýaly ulanylýar. Şonyň üçin göni nomerler gaty amatly hasap edilýär. Göni nomerlere welaýatlardan jaň etmek üçin öňüne 865 aýlamaly, welaýatdaky öý nomerleri 5 sifir bolany üçin ol ýerdäki öý nomerlerinden göni jaň edip bolmaýar.

Owadan nomer näme?

Ýatda saklamak aňsat bolar ýaly gaýtalanýan sanlardan ybarat nomlerler owadan diýilip hasaplanýar. Jan eden wagty pylanynyň nomeri näçedi diýip telefondan gözlemän göni aýlap bolýar. Şeýle hem öz owadan nomeriňi birine aýdan wagtyň ol onyň aňynda has aňsat galýar.

Eger ulanmaýan göni ýada owadan nomeriňiz bar bolsa naydizdes.com web saýtynda satyp bilersiňiz. Bildiriş goşmagyň mugtlygyny ýenede bir gezek ýatladýarys.

Satlyk Clash of Clans oyun akkauntlary

Eýesinden satlyk Clash of Clans bazalaryny şu ýerden satyn alyp we satyp bilersiňiz. Islendik ratuşa we ýagdayda oyunlar NaydiZdes bildiriş saýtymyzda satylýar. Oyun hasaplarynyň eýeleri bilen jaňlaşyp habarlaşyň we duşup satyn alyň.

Goýulýan satlyk Clash hasaplary saýtymyzda köpelenligi sebäpli satlyk online oýunlaryň ählisini jemleýän kategoriýa açdyk. Indi baza satyn almak üçin gireniňizde şol bölümdäki beýleki bazalara hem aňsatlyk bilen seredip iň amatly bazany tapyp bilersiňiz. Şeýle hem satlyk goýan bazalaryňyz internet gözleginde görünýanligi sebäpli makul baha beren bolsaňyz tiz wagtda satylar.