Satlyk harytlary nirede reklama etmeli?

Herkim durmuşynda birzatlar satmaly bolandyr ýa-da indi satmaly bolar. Mysal üçin: jaý, maşyn, telefon, egin-eşik, kompýuter, öý tehnikasy we şuňa meňzeş ulanylmaýan öý goşlary. Öňler satmak isleýän harydymyzy tanyşlarymyza aýdardyk ýa-da maşyn satjak bolsak bazara çykarardyk. Indi bolsa internediň giňden ýaýramagy bilen satlyk uludyr-kiçi harytlarymyzy internetde goýýarys. Häzirki wagtda internetde reklama diýlende iki şekil has köp ulanylýar.

Birinjisi Internetdäki mugt reklama saýtlary, ikinjisi line reklama akkauntlary. Her ikisiniňem öz aýratynlyklary bar we ikisiniňem netijesi gowy. Geliň hersiniň amatlyklaryna ( + plýus) we kemçiliklerine ( — minus) seredeliň.

Internetdäki mugt reklama saýtlarynyň aýratynlyklary:

+ Reklama goýmak hemmesinde diýen ýaly mugt we özüň goýmaly.
+ Saýtda goýmak mugt bolany üçin bildirişi hemmesinde goýup bolýar.
+ Web saýtlardaky reklamalar google gözlegde we saýtyň öz içindäki gözlegde çykýar, aňsatlyk bilen tapylýar we köp wagtlap müşderiniň dykkatyny çekýär.
+ Satlyk harytlary bahasyna we aýratlyklaryna görä gözläp bolýar. Mysal üçin jaýda otag sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
+ Reklamalar degişli bölüme goýulýanlygy üçin alyjy üçin harydy tapmak we deňeşdirmek aňsat.
+ Bildirişiňiz saýtda goýylan beýleki meňzeş harytlar bölüminde hem çykyp, goýan bahaňyz amatly bolsa tiz satylyp biler.
+ Saýtda goýulan reklamalar uzak wagtlap durýar.
+ Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly saýda girip öz goýan bildirişiňizi pozup bolýar.
+ Web saýtda suratlar hemişe açylýar.
— Goýulan reklamalar herkime sms ýa-da çat görnüşde gidenok.

Linede reklamanyň aýratynlyklary:

+ Goýulan reklamalar herkime çat bolup gidýär we adamlaryň dykkatyny çekýär.
+ Linede herkim öz tanyşy, işdeşi, garyndaşy, dogany bilen gürleşmek üçin ulanýandygy sebäpli aktiw we gyzyklanýan ulanyjylar köp. Olar siziň reklamaňyzy öz tanyşlary bilen paýlaşýarlar. Bu bolsa hardyňyz amatly bolsa tiz satylmagyna kömek edýär.
— Reklama goýmak köp adamly akkauntlarda tölegli. Bu sebäpden reklama goýurjak akkaunt sany puluňyza görä köp ýa-da az bolup biler.
— Reklama akkauntlary köp bolany üçin olaryn içinde iň amatlysyny tapmak kyn. Siz diňe tanyşlaryňyzyn paýlaşan akkauntlaryna goşulup bilýäňiz. Emma ol akkaunda goşulmadyk adamlar siziň reklama edýän harydyňyzy görmeýär we bilmeýar. Bul bolsa alyjylaryň sanyny azaldýar. Has köp alyja harydyňy ýetirmek üçin dürli akkauntlarda reklama etmeli bolýar we hersiniň tölegi aýry bolany üçin harydyňyzy köp adama ýetirmek harajatly bolýar.
— Akkaunda beýleki reklamalar hem goýylýandygy üçin siziň reklamaňyz 1-2 gün soň aşaga süýşýär we ýitip gidýär. Täzeden reklama etdirmek üçin ýene pul tölemeli.
— Reklama goýmak uçin admine ýazmaly we töleg geçirmeli. Özüňiz islän wagtyňyz goýup ýa-da üýtgedip bileňizok.
— Çatde iberilen reklamada ýalňyşlyk bolsa üýtgedip bolanok.
— Ähli reklamalaryň bir ýerde goýulýandygy üçin gerekli harydy tapmak kyn.
— Lentada haryt tapmak üçin gözleg ýok. Çatde gözleg bar, ýöne bahasyna ýa-da harydyň aýratynlygyna görä gözledip bolanok. Mysal üçin: jaýda otag sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
— Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly akkaundyň adminine haýyş edip reklamaňyzy pozdurmaly. Ýöne çat bilen iberilen reklamalar pozulmaýar, diňe lentadaky pozulýar.
— Linede reklama gyzyklanmaýan adamlara hem barýar. Mysal üçin: maşyn aljak adama jaý ýa-da telefon reklamasy hem gelip bilýär. Netijede bul adam wagty bilen şol akkaundy bloga salyp bilýär.
— Linede käwagt suratlar açylman bilýär we satlyk harydyň suradyny görmek kynlaşýär.

Netijede her iki şekilde-de reklama etmegiň amatlygy we käbir kemçilikleri bar. Web saýtda reklama mugt, uzyn wagtlyk, gözlegi aňsat. Linede reklama tölegli ýöne ulanyjylayň aktiw bolanlygy üçin amatly bahaly harytlary satmak mümkin. Bu sebäpden iň amatlysy satlyk harydyňyzy ikisinde-de reklama etmeli, çünki biriniň kemçiligini beýlekisi ýapýar we harydyňyzyň tiz satylmagyna sebäp bolýar.

Eger linede reklama etdirip netije almadyk bolsaňyz, hökman mugt reklama saýtlaryna bildiriş goşuň. Eger-de web saýtda bildiriş goşup garaşylan netije almadyk bolsaňyz, line akkauntlarynda reklama etdirip görüň ýa-da hiç bolmanda web saýtdaky bildirişiňizi linede dostlaryňyz bilen paýlaşyň we öz lentaňyza goşuň.

Satmak isleýän harydyň barmy?

Islän harydyňy NaydiZdes.com saýtynda mugt satyp bilersiň

Satmana başla