Skip to content

Satlyk harytlary nirede reklama etmeli?

Herkim durmuşynda birzatlar satmaly bolandyr ýa-da indi satmaly bolar. Öňler satmak isleýän harydymyzy tanyşlarymyza aýdardyk ýada maşyn satjak bolsak bazara çykarardyk. Indi bolsa internetiň giňden ýaýramagy bilen satlyk uludyr kiçi harytlarymyzy internetde goýýarys. Häzirki wagtda internetde reklama diýlende iki şekil has köp ulanylýar.

Birinjisi Internetdäki mugt reklama saýtlary, ikinjisi line reklama akkauntlary. Her ikisiniňem öz aýratynlyklary bar we ikisiniňem netijesi gowy. Geliň hersiniň amatlyklaryna ( + plýus) we kemçiliklerine ( – minus) seredeliň.

Internetdäki mugt reklama saýtlarynyň aýratynlyklary:

+ Reklama goýmak hemmesinde diýen ýaly mugt we özüň goýmaly.
+ Saýtda goýmak mugt bolany üçin bildirişi hemmesinde goýup bolýar.
+ Web asýtlardaky reklamalar google gözlegde we saýtyň öz içindäki gözlegde çykýar, aňsatlyk bilen tapylýar we köp wagtlap müşderiniň dykkatyny çekýär.
+ Satlyk harytlary bahasyna we aýratlyklaryna görä gözläp bolýar. Mysal üçin jaýda komnat sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
+ Reklemalar degişli bölüme goýulýany üçin alyjya harydy tapmak we garşylaşdyrmak aňsat.
+ Saýtda goýylan beýleki meňzeş harytlar gölüminde hem çykyp goýan bahaňyz amatly bolsa tiz satylyp bilýär.
+ Saýtda goýulan reklamalar uzak wagtlap durýar.
+ Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly saýda girip öz goýan bildirişiňizi pozup bolýar.
+ Web saýtda suratlar hemişe açylýar.
– Goýulan reklamalar herkime sms ýada çat görnüşde gidenok.

Mugt reklama saýtyny görmek we reklama etmek üçin şu ýere basyň.

Linede reklamanyň aýratynlyklary:

+ Reklama goýmak köp adamly akkauntlarda tölegli. Bu sebäpden reklama goýurjak akkaunt sany puluňyza görä köp ýada az bolup biler.
+ Goýulan reklamalar herkime çat bolup gidýär we adamlaryň dykkatyny çekýär.
+ Linede herkim öz tanyşy, işdeşi, garyndaşy, dogany bilen gürleşmek üçin ulanýar bu sebäpli aktif we gyzyklanýan ulanyjylar köp. Olar siziň reklamaňyzy öz tanyşlary bilen paýlaşýarlar. Bu bolsa hardyňyz amatly bolsa tiz satylmagyna kömek edýär.
– Reklama akkauntlary köp bolany üçin olaryn içinde iň amatlysyny tapmak kyn. Siz diňe tanyşlaryňyzyn paýlaşan akkauntlaryna goşulup bilýäňiz. Emma ol akkaunda goşulmadyk adamlar siziň reklama edýän harydyňyzy görmeýär we bilmeýar. Bul bolsa alyjylaryň sanyny azaldýar. Has köp alyja harydyňy ýetirmek üçin dürli akkauntlarda reklama etmeli we hesiniň tölegi aýry bolany üçin harydyňyzy köp adama ýetirmek üçin köp harajat etmeli bolýar.
– Akkaunda beýleki reklamalar hem goýylýany üçin siziň reklamaňyz 1-2 gün soň aşaga süýşýär we ýitip gidýär. Täzeden reklama etmek üçin ýene pul tölemeli.
– Reklama goýmak uçin admine ýazmaly we töleg geçirmeli. Özüňiz islän wagty goýup ýa-da üýtgedip bileňizok.
– Çatde iberilen reklamada ýalňyşlyk bolsa üýtgedip bolanok.
– Ähli reklamalar bir ýerde goýulýany üçin gerekli harydy tapmak kyn.
– Lentada haryt tapmak üçin gözleg ýok. Çatde gözleg bar ýöne bahasyna ýada harydyň aýratynlygyna görä gözledip bolanok. Mysal üçin jaýda komnat sany, meýdany; maşynlarda modeli, ýyly, motoryň göwrümi we ş.m.
– Haryt satylan soň jaň gelmez ýaly akkaundyň adminine haýyş edip reklamaňyzy pozdurmaly. Ýöne çat bilen iberilen reklama pozulan diňe lentadaky pozulýar.
– Linede reklama gyzyklanmaýan adamlara hem barýar. Mysal üçin maşyn aljak adama jaý ýada telefon reklamasy hem gelip bilýär. Netijede bul adam waty bilen şol akkaundy bloga salyp bilýär.
– Linede käwagt suratlar açylman bilýär we satlyk harydyň suradyny görmek kynlaşýär.

Netijede her iki şekilde reklama etmegiň amatlygy we käbir kemçiligi bar. Web saýtda reklama mugt, uzyn wagtlyk, gözlegi aňsat. Linede reklama tölegli ýöne ulanyjylar aktiw bolany üçin amatly bahaly harytlary satmak mümkin. Bu sebäpden iň amatlysy satlyk harydyňyzy her ikisinde hem reklama etmeli çünki biriniň kemçiligini beýlekisi ýapýar we harydyňyzyň tiz satylmagyna sebäp bolýar.

Eger linede reklama etdirip netije almadyk bolsaňyz hökman mygt reklama saýtlaryna bildiriş goşuň. Egerde web saýtda bildiriş goşup garaşylan netije almadyk bolsaňyzam line akkauntlarynda reklama etdirip görüň ýa-da hiç bolmanda web saýtdaky bildirişiňizi linede dostlaryňyz bilen paýlaşyň we öz lentaňyza goşuň.