Türkmenistanyň mugt bildirişler saýty
- Bildiriş sany: jemi 11150, geçen 30 günde 3645, geçen 24 sagatda 241 (2018 fewral)
- Bildiriş sany: jemi 24,902, geçen 30 günde 2938, geçen 24 sagatda 363 (2020 awgust)
Herkim durmuşynda birzatlar satmaly bolandyr ýa-da indi satmaly bolar. Öňler satmak isleýän harydymyzy tanyşlarymyza aýdardyk ýada maşyn satjak bolsak bazara çykarardyk. Indi bolsa internetiň giňden ýaýramagy bilen satlyk uludyr kiçi harytlarymyzy internetde goýýarys. Häzirki wagtda internetde reklama diýlende iki şekil has köp ulanylýar.
Birinjisi Internetdäki mugt reklama saýtlary, ikinjisi line reklama akkauntlary. Her ikisiniňem öz aýratynlyklary bar we ikisiniňem netijesi gowy. Geliň hersiniň amatlyklaryna ( + plýus) we kemçiliklerine ( – minus) seredeliň.