Skip to content

Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста)

Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста)

Näçe adamlyk: 😊 14 | Taýynlmak: ⏰ 5

Maňyz goýaltmasy (pienut butter, арахисовая паста, arahis ýagy) 1884 ýylynda Kanadada döredildi. Gowrylan maňyz ýenjilip ýasalýar we tost çöregine çalynyp desert ýa-da ertirlik hökmünde iýilýär. Amerikada örän meşhur. Maňyz goýaltmasy protein, witamin we minarallara örän baý. 100 gramy: 22 gram belok (protein, белок), 51 gram ýag, 22 gram uglewod (carbohydrate, углевод), jemi 588 kcal.

Içindäkiler — Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 stakan gowrylan maňyz
  • 2 çemçe ösümlik ýagy
  • 1 çümmük duz
  • 1 çemçe ary baly

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Maňyzy blenderde owratmaly.
  2. Içine ýag, ary baly we duz goşup ýene garmaly. Eger goýy bolsa islegiňize görä ýene biraz yag goşup bilersiňiz. Balyň ýerine şeker ýa-da hiçzat goşman hem bilersiňiz.
  3. Taýyn maňyz goýaltmasyny bir gaba goýyp ertirlik edineniňizde çörge çalyp iýäýmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 1Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 2Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 3Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 4Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 5Maňyz goýaltmasy (арахисовая паста) surat 6

Wideo resept

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 802 gezek görüldi. Paýlaş tekst