Skip to content

Şekerpare – şerbetli türk köke

Şekerpare - şerbetli türk köke

Näçe adamlyk: 😊 12 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 20

Şekerpare türk aşhanasynda duş gelýän hamyrdan bişirilýän şerbetli köke. Şerbeti kökäniň içine siňip agzyňda ereýän ýumşak süýji tagam berýär.

Içindäkiler — Şekerpare – şerbetli türk köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 3 stakan un.
  • 5 çemçe mannyý ýarmasy (kaşa).
  • 180 gram mesge ýa-da margarin .
  • 2 sany ýumurtga ( biriniň sarysy üstüne çalmak üçin ).
  • 1 stakan şeker tozy.
  • 10 gram gabardyjy.

Şerbeti üçin:

  • 3 stakan şeker.
  • 3 stakan suw.
  • 1 çaý çemçe limon suwy.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Şerbet üçin suw we şekeri bir gaba salyp gaýnadyň. Gaýnan soň limon suwyny goşyň we aşagynyň odyny öçüriň.
  2. Şekerpare hamyry üçin undan başga önümleri bir gaba salyp garmaly. Mesge otag ýylylygynda ýumşak bolmaly.
  3. Uny azajykdan goşup eliňize ýelmeşmeýän gatyja hamyr garmlay.
  4. Hamyrdan kiçi owal şekiljikler ýasap ýag çalynan protfine goýyň. Kökejikleriň üstünden isleseňiz wilka bilen basyp çyzyjak şekil edip bilersiňiz. Üstüne ýumurtganyň sarysyny çalyň.
  5. Öňünden 180 gradys gyzdyrylan duhowkada 20 minut bişiriň.
  6. Bişen şekerpare kökelerini duhowkadan çykaryp Üstüne şerbet guýar ýaly bir gaba aýyryp biraz sowaýança 3-4 minut garaşyň.
  7. Şerbedi ýuwaşjadan şekerpareniň üstüne guýyň.
  8. Şerbet içine siňer ýaly üstüni ýapyp azyndan 2 sagat garaşmaly. 1 gün garaşsaňyz şerbet has gowy siňer we tagamy gowy bolar. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Şekerpare - şerbetli türk köke surat 1Şekerpare - şerbetli türk köke surat 2Şekerpare - şerbetli türk köke surat 3Şekerpare - şerbetli türk köke surat 4Şekerpare - şerbetli türk köke surat 5Şekerpare - şerbetli türk köke surat 6Şekerpare - şerbetli türk köke surat 7

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 4,998 gezek görüldi. Paýlaş tekst