Skip to content

Şokoladly keks

Şokoladly keks

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 45

Kekes – islän wagtyňyz çaý ýa-da kofejik bilen iýer ýaly süjijek, şokoladlyja, keýpiňizi göteraýjek bir desert.

Içindäkiler — Şokoladly keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1.5 bulgur şeker
  • 1 bulgur (200 ml) süýt
  • 3 ýumurtga
  • 0.5 bulgur ösümlik ýagy
  • 1.5 bulgur un
  • 1 gabartma tozy
  • 1 wanelin
  • 25 gr (1 paket) kakao

Sousy ücin:

  • 2 bulgur süýt
  • 0.5 bulgur şeker
  • 50 ml (yarty bulgurdan az) ösumlik ýagy
  • 25 gr kakao

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Giň gaba 3 yumurtga bn 1.5 bulgur şekeri salyp kopükleyänçe garmaly.
  2. 1 bulgur süyt bn ýarty bulgur ýagy goşmaly. Soňra kakao, wanilin, gabartma tozuny we 1.5 bulgur ununy yuwaş-yuwaşdan goşup gowy edip garyşdyrmaly.
  3. Ýaglanan galyba garyndyny hemme ýerine deň düşer ýaly edip guýup 170°-de 40-45 minut toweregi howur peje salyp bişirmeli.
  4. Kekimiz bişyänçe sousyny taýynlamaly. Bir gapda 2 bulgur gyzgyn süyde ýarty bulgur şekeri, kakaony, ösümlik ýagy goşup şekeri ereýänçe gowja edip garmaly. Sousymyz taýýar.
  5. Kekimiz bişeninden soň agaç çöpjagazy kekimizin her yerine dürtup cykmaly sousyny gowy çeker ýaly.
  6. Gyzgyn kekiň üstüne sousyny hemme ýerine deñ edip aýlap guýmaly.
  7. Sowan kekimizi islega göra bezäp saçaga äbermeli. Keksleri islegiňize görä bezap bilersiňiz, men ýürejik şekilli ak şokolad bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsun!

Suratlary

Şokoladly keks surat 1Şokoladly keks surat 2Şokoladly keks surat 3Şokoladly keks surat 4Şokoladly keks surat 5Şokoladly keks surat 6Şokoladly keks surat 7Şokoladly keks surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 5,816 gezek görüldi. Paýlaş tekst