Skip to content

Kädili zebra keks

Kädili zebra keks

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 25 | Bişirmek: ⏰ 60

Içi kädili, üsti şokolad sously banan bizlen bezelen zebra keks resepti.

Içindäkiler — Kädili zebra keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Hamyr üçin:

  • 200 gram kädi
  • 200 gram şeker
  • 200 gram un
  • 2 ýumurtga
  • 1 çemçe kako
  • 5 gram wanilin
  • 10 gram gabardyjy paraşok

Sous üçin:

  • 3 çemçe şeker
  • 3 çemçe kakao
  • 2 çemçe gaýmak
  • 50 gram mesge

Üsti üçin:

  • 1 banan

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumurtga bilen şekeri mikserde köpürjük bolýança garmaly.
  2. Un, gabardyjy, wanilin goşup ýene garmaly.
  3. Kädini týorkadan ýada kombaýndan geçirip hamyra goşmaly we garmaly. Hamyryň ýarysyny başga gaba geçirmeli we biriniň içine kakao goşup garmaly.
  4. Keks bişirjek gabymyzyň ortasyna 1 uly çemçeden gezekleşdirip ak we kakoly hamurdan goýmaly.
  5. Duhowkada ýa-da multiwarkanyň "Wypeçka" rejiminde 1 sagat bişirmeli.
  6. Şokoladly sous üçin gerekli harytlary kiçi gapda oda goýmaly we gaýnaýança garyp bişirmeli. Gaýnan soň ýene 3 minut garyp bişirmeli. Keks bişýänçe sowamana goýmaly.
  7. Bişen keksi çöp sokup barlap görüň, göpümiz gury bolup çyksa içi hem bişenligini aňladýar.
  8. Keksimiziň ortasyna şokolad sousyny guýmaly, galan ýerine sousyň özi dagaýar.
  9. Banany tegelek edip kesmeli we keksiň üstüne bezäp goýmaly.
  10. Sousyň tagamy kekse siňer ýaly keksi 1-2 sagat holodilnikde goýup diňlendirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Kädili zebra keks surat 1Kädili zebra keks surat 2Kädili zebra keks surat 3Kädili zebra keks surat 4Kädili zebra keks surat 5Kädili zebra keks surat 6Kädili zebra keks surat 7Kädili zebra keks surat 8Kädili zebra keks surat 9Kädili zebra keks surat 10

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 8,653 gezek görüldi. Paýlaş tekst