Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 60
Maklübe bir Türk nahary we üýtgeşik tagamy bar. Hökman edip görüň.
Içindäkiler — Towukly Maklübe multiwarkada taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 300gr towuk eti
- 2 stakan tüwi
- 1 sogan
- 2 kartoşka
- 40 gram mesge
- 80 gram günebakar ýagy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Kartoşkalary tegelek edip dogramaly we multiwarkada "Gowurma" rejiminde daşy çala gyzarýança iki tarapyna öwürüp 5-10 minut ösümlik ýagynda gowurmaly. Gowrulan kartoşkany bir gaba çykaryp alyň. Doly bişmegi hökman däl.
- Towuk etini süňkinden aýyryp ownuk dogramaly we multiwarkada çala zygarýança gowurmaly.
- Eti çykaryp halka kesilen sogany iň aşaga bir gat edip goýmaly. Üstüne gowuran etimizi goýmaly.
- Ýarym stakan tüwini üstüni ýapar ýaly edip deň goýmaly.
- Gyzardan kartoşka tegeleklerini hemme ýerini ýapar ýaly edip goýmaly.
- Üstüne galan tüwini deň bolar ýaly edip goýmaly. Tüwiniň üstünden gowyja preslener ýaly basmaly. Çykaran wagty şekli üýtgemän çykar ýaly bolýar.
- Mesgäni 3-4 bölege bölüp üstüne goýmaly.
- Tüwiniň üstüni 1 barmak ýapar ýaly suw guýmaly. Duz sepmeli.
- Multiwarkany 30 minut "Risowarka" rejimde gapagyny ýapyp bişirmeli.
- Uly bir tabaga ýa-da tegelek padnosa gazany tersine öwürip içindäkiler dargaman çykar ýaly düňtermeli. Padnosyň gyralaryna gatyk we salat bilen gezekleşdirip goýmaly.
Suratlary
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 1](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-1-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 2](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-2-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 3](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-3-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 4](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-4-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 5](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-5-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 6](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-6-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 7](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-7-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 8](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-8-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 9](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-9-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 10](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-10-768x576.jpg)
![Towukly Maklübe multiwarkada surat 11](https://blog.naydizdes.com/wp-content/uploads/2017/10/towukly-maklube-multiwarkada-11-768x576.jpg)
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Maklübe bir Türk nahary we üýtgeşik tagamy bar. Hökman edip görüň.
IÇINDÄKILER:
• 300gr towuk eti
• 2 stakan tüwi
• 1 sogan
• 2 kartoşka
• 40 gram mesge
• 80 gram günebakar ýagy
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Kartoşkalary tegelek edip dogramaly we multiwarkada "Gowurma" rejiminde daşy çala gyzarýança iki tarapyna öwürüp 5-10 minut ösümlik ýagynda gowurmaly. Gowrulan kartoşkany bir gaba çykaryp alyň. Doly bişmegi hökman däl.
✔ Towuk etini süňkinden aýyryp ownuk dogramaly we multiwarkada çala zygarýança gowurmaly.
✔ Eti çykaryp halka kesilen sogany iň aşaga bir gat edip goýmaly. Üstüne gowuran etimizi goýmaly.
✔ Ýarym stakan tüwini üstüni ýapar ýaly edip deň goýmaly.
✔ Gyzardan kartoşka tegeleklerini hemme ýerini ýapar ýaly edip goýmaly.
✔ Üstüne galan tüwini deň bolar ýaly edip goýmaly. Tüwiniň üstünden gowyja preslener ýaly basmaly. Çykaran wagty şekli üýtgemän çykar ýaly bolýar.
✔ Mesgäni 3-4 bölege bölüp üstüne goýmaly.
✔ Tüwiniň üstüni 1 barmak ýapar ýaly suw guýmaly. Duz sepmeli.
✔ Multiwarkany 30 minut "Risowarka" rejimde gapagyny ýapyp bişirmeli.
✔ Uly bir tabaga ýa-da tegelek padnosa gazany tersine öwürip içindäkiler dargaman çykar ýaly düňtermeli. Padnosyň gyralaryna gatyk we salat bilen gezekleşdirip goýmaly.
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 60
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/towukly-maklube-multiwarkada/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap