Skip to content

Müçe ýyl hasaby täleýnamasy (12 ýyl): Müçenama boýunça adamyň häsiýeti

Gündogar ýazgylarynyň habar bermegine görä, Täze ýylyň öňi syrasyndaky günleriň birinde Budda dünýädäki barça haýwanlary çagyrypdyr. Ol özüne hormat bildirip ýanyna gelen her haýwana üýtgeşik gowy sowgat etjekdigini hem-de bir ýyly berjekdigini aýdypdyr. Bu habary eşiden haýwanlaryň ählisi tizden-tiz onuň ýanyna eňipdir.

Buddanyň alnyna on iki sany haýwan ilkinjiler bolup, şu aşakdaky tertipde gelipdir: syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan, ýylky, goýun, bijin, towuk, it, doňuz. Dogrusy, Buddanyň ýanyna ilkinji bolup gelýän sygyr eken. Ýöne syçan has golaýa gelýänçä sygyryň arkayna münüp gelipdir-de, ara az galanda böküp düşüp, ylgap gaýdyberipdir. Şeýdibem syçan ilkinjiligi alanmyş.

Her halda ilkini bolup gelen on iki haýwanyň hersine bir ýyldan ýetenmiş. Şol ýyllaryň hersine hem degişli haýwanlaryň esasy häsiýetleri berilipdir.

Müçe ýyl hasabyna görä adamyň häsiýeti. Taleýnama, müçenama.

Rowaýat edilişine görä, adam 12 ýylyň haýsy birinde dogulan bolsa oňa adyna ýyl dakylan şol haýwanyň häsiýeti mahsus bolýarmyş. Onsaňam, ýylyň häsiýeti belli bolany üçin, şoňa göräräk edip , 12 müçäniň islendik ýylynda dogulan adamyň nähili häsiýetleriniň boljakdygyny kesgitläp bilipdirler.

Müçe näme diýmek?

Müçe – gadymy ýyl hasaby boýunça dürli haýwanlaryň ady bilen bellenýän on iki ýyllyk tsikl. Müçe ýyllaryna başgaça müçenama, ýyl senenamasy ýa-da türkmen ýyl hasaby hem diýilýär.

Müçe ýyllary barada goşgy:

Türkmen halky 12 müçäniň ýyllarynyň ýatdan çykmazlygy üçin, ony şu aşakdaky goşgy görnüşinde ýat tutupdyr:

Ýyl başy syçan, sygyr,
Bars, towşan, luw, ýylan,
Ýylky, goýun, bijin, towuk,
It, doňuz boldy tamam.

12 müçä girýän ýyllar

Müçe ýyl hasaby täleýnamasy (12 ýyl): Müçenama boýunça adamyň häsiýeti

Geliň indi 12 müçä girýän ýyllara ady dakylan haýwanlara, şoňa görä-de adamlara-da mahsus hasaplanan häsiýetleri deňeşdirip göreliň. Her ýyla degişli haýwan adyna basyp ol müçe ýyly barada giňişleýin okap bilersiňiz. Şeýle hem haýsy ýylda doglan adamlar kimler bilen durmuş gursa bagtly boljagyny owrenip bilersiňiz.

  1. 🐀 Syçan – 2032, 2020, 2008, 1996, 1984, 1972, 1960, 1948 ýyllar.
  2. 🐮 Sygyr – 2033, 2021, 2009, 1997, 1985, 1973, 1961, 1949 ýyllar.
  3. 🐯 Bars – 2034, 2022, 2010, 1998, 1986, 1974, 1962, 1950 ýyllar.
  4. 🐰 Towşan – 2035, 2023, 2011, 1999, 1987, 1975, 1963, 1951 ýyllar.
  5. 🐟 Luw (balyk) – 2024, 2012, 2000, 1988, 1976, 1964, 1952 ýyllar.
  6. 🐍 Ýylan – 2025, 2013, 2001, 1989, 1977, 1965, 1953 ýyllar.
  7. 🐴 Ýylky (at) – 2026, 2014, 2002, 1990, 1978, 1966, 1954 ýyllar.
  8. 🐑 Goýun – 2027, 2015, 2003, 1991, 1979, 1967, 1955 ýyllar.
  9. 🐵 Bijin (maýmyn) – 2028, 2016, 2004, 1992, 1980, 1968, 1956, 1944 ýyllar.
  10. 🐔 Towuk – 2029, 2017, 2005, 1993, 1981, 1969, 1957, 1945 ýyllar.
  11. 🐶 It – 2030, 2018, 2006, 1994, 1982, 1970, 1958, 1946 ýyllar.
  12. 🐷 Doňuz – 2031, 2019, 2007, 1995, 1983, 1971, 1959, 1947 ýyllar.

Köp soralýan soraglar

Şu ýyl näme ýyly?

Şu ýyl 2023 müçe ýyl hasabyna görä 🐰 Towşan ýyly.

Indiki ýyl näme ýyly?

Indiki ýyl 2024 🐟 luw (balyk) ýyly.

2024 näme ýyly?

Müçe ýyl hasabyna görä 2024 balyk ýyly.

Netije

Müçenama adamlaryň häsiýetlerini tanamak üçin we öz häsiýetimize umuman seretmek üçin ulanyşly. Şulara seredip herkim öz halaýan adamyny, etmek isleýan işini, öz güyçli taraplaryny öwrenip biler.

Biznes barada makalalary okaň ýa-da lezzetli naharlaryň we desertleriň reseptlerine serediň.