Skip to content

Älemgoşar smuzi

Älemgoşar smuzi

Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 25

Süýji, turşumtyk, mylaýym ýaly dürli tagamlary yzygider we aýratynlykda dadyp biljek smuzi (smoothie) koktelini içesiňiz gelýärmi? Onda bu resept hut siziň üçin. Içen wagtyňyz dürli duýgylary ýaşadaýar we göwnüňizi açýar.

Içindäkiler — Älemgoşar smuzi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Gyzyl renk üçin:

  • 200 gram ýertudana (klubnika)

Ak renk üçin:

  • 1 alma
  • 2 çemçe doňdurma

Goňur renk üçin:

  • 4 kubik (60 gram) şokolad
  • 50 gram maňyz
  • 100 gram gaýmak (smetana)
  • 5-10 gram kakao

Ýaşul renk üçin:

  • 1-2 kiwi
  • 50 gram ysmanak ýa-da şawel oty
  • 1 çümmük narpyz

Oranjewyý renk üçin:

  • 1/2 banan
  • 1/4 pyrtykal
  • 1/2 käşir
  • 2 sany ýertudana

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Her renk üçin görkezilen azyklary aýryatynlykda blenderde garmaly. Eger gaty suýuk bolsa bir mukdar banan goşsa bolýar. Her renkden soň blenderi arassa suw bilen çaýkamaly.
  2. Renkleri stakana kiçi çemçejik bilen ýuwaşjadan goýmaly.
  3. Islesege görä üstüne biraz doňdurma goýup miweler bilen owadanja edip bezemeli. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Älemgoşar smuzi surat 1Älemgoşar smuzi surat 2Älemgoşar smuzi surat 3Älemgoşar smuzi surat 4Älemgoşar smuzi surat 5Älemgoşar smuzi surat 6Älemgoşar smuzi surat 7Älemgoşar smuzi surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 2,397 gezek görüldi. Paýlaş tekst