Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 50
Türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan işlekliniň öýde, howur peçde bişiriliş resepti.
Içindäkiler — Işlekli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 nahar çemçe gatyk
- 50gr mesge
- 1.5 bulgur ýyly suw
- 4.5 bulgur un
- 1 çay cemçe duz
Iç harjy üçin:
- 350 gr goýun ýa-da sygyr eti (jylka)
- 150gr guýryk ya-da iç ýagy
- 1 sany uly sogan
- 1 sany orta boy kartoşka
- Ýarty bulgar burç
- 1 sany pamidor
- Duz
- Gara burç
- Ýarty bulgurdan koprak suw
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Hamyryny taýynlamaly. Bir uly jama mesgani, gatygy, suwy, duzyny salyp gowja eretmeli. Ýuwaşjadan ununy salyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyryň üstüni ýapyp demini alyança goýmaly.
- Iç harjyny taýynlamaly. Etini, ýagyny we ähli gök-önümleri uşajyk dograp bir jama salmaly. Üstune duzuny, burçuny islega göra salyp üstune suvuny guýup gowja garmaly.
- Demini alan hamyrymyzy deň bolmadyk 2 bölege bölmeli.
- Howur peji gyzdyryp goýmaly. Hamyryň uly bölegni galypdan ulurak daşyna çykyp durar edip ýuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Galyby ýaglap hamyry ýazmaly. Hamyryň üstune iç harjymyzy salmaly. 2-nji kiçi hamyrymyzy galybyň üstüne laýyk edip ýaýmaly we işlekliniň üstüni ýapmaly we aşaky hamyr bn gyralaryny birikdirip gowja bükmeli.
- Işlekliniň ýuzuni wilka bilen dürtüp çykmaly, isleseňiz gobek hem ýasap bilersiñiz. Howur peje salyp 220°-de 45-50 min gyzarýança bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan işlekliniň öýde, howur peçde bişiriliş resepti.
IÇINDÄKILER:
• 2 nahar çemçe gatyk
• 50gr mesge
• 1.5 bulgur ýyly suw
• 4.5 bulgur un
• 1 çay cemçe duz
Iç harjy üçin:
• 350 gr goýun ýa-da sygyr eti (jylka)
• 150gr guýryk ya-da iç ýagy
• 1 sany uly sogan
• 1 sany orta boy kartoşka
• Ýarty bulgar burç
• 1 sany pamidor
• Duz
• Gara burç
• Ýarty bulgurdan koprak suw
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Hamyryny taýynlamaly. Bir uly jama mesgani, gatygy, suwy, duzyny salyp gowja eretmeli. Ýuwaşjadan ununy salyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyryň üstüni ýapyp demini alyança goýmaly.
✔ Iç harjyny taýynlamaly. Etini, ýagyny we ähli gök-önümleri uşajyk dograp bir jama salmaly. Üstune duzuny, burçuny islega göra salyp üstune suvuny guýup gowja garmaly.
✔ Demini alan hamyrymyzy deň bolmadyk 2 bölege bölmeli.
✔ Howur peji gyzdyryp goýmaly. Hamyryň uly bölegni galypdan ulurak daşyna çykyp durar edip ýuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Galyby ýaglap hamyry ýazmaly. Hamyryň üstune iç harjymyzy salmaly. 2-nji kiçi hamyrymyzy galybyň üstüne laýyk edip ýaýmaly we işlekliniň üstüni ýapmaly we aşaky hamyr bn gyralaryny birikdirip gowja bükmeli.
✔ Işlekliniň ýuzuni wilka bilen dürtüp çykmaly, isleseňiz gobek hem ýasap bilersiñiz. Howur peje salyp 220°-de 45-50 min gyzarýança bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 50
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/islekli/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap