Skip to content

Lawaşdan içlekli

Lawaşdan içlekli

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30

Içlekliniň iň aňsat bişirilişini öwrenmek isleseňiz bu resept siziň üçin. Undan hamyr ýuwurmak gerek däl, hamyry açmak gerek däl. Taýyn lawaş bilen öýde howur peçde (duhowka) bişirilýän tagamly içlekli resepti. Öýüňize myhman gelende, çaltjak bişirip saçaga goýup boljak, iýenleri haýran tagamy bilen galdyrýan içlekli.

Içindäkiler — Lawaşdan içlekli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 350-400 gr üwelen et
  • 1 paket (4 list lawaş)
  • 2 ŷumurtga (biriniñ sarysy üstüne)
  • 1 uly sogan
  • 1 stakan gatyk (250 ml)
  • Duz
  • Gara burc (islega göra)
  • Künji (sepmeseňem bolyar)
  • 5 nahar çemçe ösümlik ŷagy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Giňiş taba yagy guymaly we farşy salyp, iki-üç minut aram otda gowurmaly we sogany maydajyk dograp üstüne atmaly. Sogan pyssarŷança gowurmaly we duzuny, burçuny islege göra atmaly. Soñra aşagyny öçürip sowaŷança goymaly.
  2. Gatygy gaba guyup üstüne yumurtgany çakmaly we gowy edip garmaly.
  3. Duhowkany öňünden gyzdyryp goymaly.
  4. Duhowkanyñ 4 burç galybyny ŷaglap lawaşy ŷerleşdirmeli. Üstüne gatykly garyndydan 3 çemçe guýup lawaşyñ ähli yerine çalmaly we ikinji lawaşyny üstüne yazyp gatygy çalyp farşymyzyň ŷaryny üstüne guyup endigän ýaýratmaly.
  5. Ýene 3-nji gatymyzam 2-nji gatymyz yaly gaýtalap galan farşymyzy yerleşdirmeli. Soňra 4nji gaty goyup üstüne yumurtga sarysyny çalyp künji sepip 180°de goyup 25-30 min bişirmeli. Işdaňiz acyk bolsun.

Suratlary

Lawaşdan içlekli surat 1Lawaşdan içlekli surat 2Lawaşdan içlekli surat 3Lawaşdan içlekli surat 4Lawaşdan içlekli surat 5Lawaşdan içlekli surat 6Lawaşdan içlekli surat 7Lawaşdan içlekli surat 8Lawaşdan içlekli surat 9Lawaşdan içlekli surat 10

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 2,907 gezek görüldi. Paýlaş tekst