Skip to content

Etli owadan somsa

Etli owadan somsa

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 50 | Bişirmek: ⏰ 30

Köplenç üçburç şekilde görmäne öwrenşen somsalarymyzy uzynja örülene meňzeş edilip bişiriliş resepti.

Içindäkiler — Etli owadan somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 300 gr. üwelen sygyr eti (yada islegine görä et)
  • 250-300 gr. sogan
  • Duz we burç islege görä goşup bilersiňiz
  • 1 yumurtga sarysy üstüne çalmaga

Hamyry üçin:

  • 500 gram mesge ýa-da margarin
  • 3 stakan un
  • 200 ml. otag temperaturada suw
  • 1 yumurtga
  • 1 nahar çemçesi limon kislotasy
  • 0.5 çemçe duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Hamyry üçin gerekli azyk önümlerini goşup garmaly.
  2. Sogany ownuk dograp üwelen et bilen garmaly, duz burç islege görä goşmaly.
  3. Hamyry kiçi böleklere bölüp inçe edip açmaly. Içine eti goýup iki gyrasyny bezäp ortada bolar ýaly edip birleşdirmeli.
  4. Protwine ýag çalmaly we bükülen somsalary düzmeli. Ýalpyldar ýaly somsalaryň üstüne ýumurtganyň sarysyny çalmaly.
  5. Höwür peçde (duhowka) 220 gradusda 30 minut üsti gyzarýança bişirmeli.

Suratlary

Etli owadan somsa surat 1Etli owadan somsa surat 2Etli owadan somsa surat 3

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 5,026 gezek görüldi. Paýlaş tekst