Näçe adamlyk: 😊 4-6 | Taýynlmak: ⏰ 25 min. | Bişirmek: ⏰ 20 min.
Men agzyňda ereýän pesoçnyý kökeleri halaýan. Siziň hem göwnüňize ýarar diýip umyt edýän.
Içindäkiler — Kurabiýe köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
Bu harytlar bilen 20 sany köke bolýar:- 200 gram mesge
- Stakanyň üçde biri şeker
- 1 ýumurtga
- 2 stakan un
- Wanilin ýa-da wanil ekstrakty
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Oda ýylylygyndaky mesgäni şeker bilen garmaly.
- Ýumurtganyň agyny we wanilin goşup köpürjük bolýança garmaly.
- Un goşup hamyr etmeli.
- Protfine ýapyşmaz ýaly ýagly kagyz ýazmaly.
- Gaýmak goýulugyndaky hamyry konditer haltajygyna hoýup güljagaşlar şeklinde protfine guýmaly.
- 200 dereje gyzdyrylan duhowkada 10 minut kökeler çala saralýança bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.