Näçe adamlyk: 😊 6-8 | Taýynlmak: ⏰ 20 min. | Bişirmek: ⏰ 20 min.
Tomusyň yssy howasynda salkynlamak isleýäňizmi? Sowujak narpyzlyja limonad bedeniňizi tiz salkynladar we keýpiňizi göterer. Taýynlamany şul aňsatjyk reseptden öwreniň.
Içindäkiler — Narpyzly limonad taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 3 sany uly limon
- 1.5 stakan şeker
- 3 litr suw
- ýarym stakan narpyz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Limonyň sokyny gysyp bir stakana guýmaly. 3 uly limondan bir stakan sok çykýar.
- Bir stakan suwy gaýnatmaly we şeker goşup ereýänçä bulamaly.
- Uly gapda (kuwşin) limon sogyny, eredilen şekerli suwy we galan suwy garmaly. Narpyzyň ýapraklaryny içine atmlay. Sowar ýaly holodilnikde 1 sagat goýmaly.
- Owadanlyk üçin tegelek kesilen limon böleklerini goşsa bolýar. Tiz sowatmak üçin buz böleklerini hem goşsa bolýar.
- Mende 15 stakan limonad çykdy.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.