Skip to content

Şokoladly köke

Şokoladly köke

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 15

Dükanlarda satylýan tagamly şokoladly kökeleri bu resept bilen öýde hem edip bilersiňiz. Kakaoly gara şokolad (süýtli däl) bilen etmeli va-da M&M damja şokolad ulansa bolýar.

Içindäkiler — Şokoladly köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 stakan un
  • Ýarym çaý çemçe soda
  • Ýarym çaý çemçe duz
  • 150 gram mesge
  • Bir ýarym stakan şeker
  • wanilin
  • 1 ýumurtga
  • 1 ýumurtganyň sarysy
  • 300 gram kakaoly gara şokolad

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Duhowkany 170 dereje gyzdyrmaly. Protwine ýagly kagyz ýazmaly.
  2. Un, soda, duzy bir gapda elekden geçirip garyp goýmaly.
  3. Uly gapda eredilen mesge bilen şekeri garmaly. Wanil, ýumurtga we ýumurtganyň sarsyny goşum gowy edip garmaly. Unly garyndyny goşup ýene garmaly.
  4. Şokolady ownuk böleklere dogramaly we hamyra goşup garmaly.
  5. Çemçäni doldurup hamyry protfine goýmaly, bişirilen wagty ýazylyp bidýanligi üçin aralarynda 7-8 santimetr boşluk bolmaly.
  6. Gydyrylan duhowkada 15-17 minut gyralary çala gyzarýança bişirmeli. Birnäçe minut protfinde sowadyp başga gaba aýyryň.
  7. Kofe ýa-da gyzgyn çaý bilen iýmek diýseň lezzetli. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Şokoladly köke surat 1Şokoladly köke surat 2Şokoladly köke surat 3

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 12,275 gezek görüldi. Paýlaş tekst