Skip to content

Peýnirli makaron duhowkada

Peýnirli makaron duhowkada

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 60

Peýnirli makaron reseptleriniň iň aňsady we tagamlysy.

Içindäkiler — Peýnirli makaron duhowkada taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 gram makaron (rojok)
  • 500 gram peýnir
  • 1 çemçe mesge
  • 1 caý çemçe suýuk ýag (duhowka goýuljak gaba çalmak üçin)
  • 1 banka konserwirlenen süýt (gaýnadylan ýöne süýt hem bolýar)
  • Duz, burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Dohowkany 190 derejede ýyladyň.
  2. Gazda makarony 8-10 minut gaýnadyp suwuny döküň.
  3. Peýniri inçe kesiň.
  4. Dohowka goýjak gabyňyza ýag çalyň. Makaronyň dörtden bir bölegini goýyp tekizläň, üstüne dörten bir bölek peýniri goýuň. Üstüne mesge böleklerini deňje goýýmaly, duzlap burçlamaly. Bu ädimleri 4 gezek gaýtalaň.
  5. Üstünden süýt guýuň.
  6. Duhowkada gapaksyz 1 sagat ýa-da üsti gyzarýança bişiriň. Içdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Peýnirli makaron duhowkada surat 1Peýnirli makaron duhowkada surat 2Peýnirli makaron duhowkada surat 3Peýnirli makaron duhowkada surat 4

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 4,999 gezek görüldi. Paýlaş tekst