Skip to content

Blinçik dolama

Blinçik dolama

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 50

Bu reseptde ilki bilen blinçik bişirýäs soňra içine üwelen etli naçinka bişirip dolaýas. Iki resept (blinçik resepti + dolama) bilelikde diýseň hem bolýar.

Eger size diňe blinçik resepti gerek bolsa reseptiň blinçige degişli bölümini edäýmeli.

Içindäkiler — Blinçik dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Blinçik resepti üçin:

  • 300 gram üwelen et
  • 1 sogan
  • 3 bolgar burç
  • 1 diş sarymsak
  • Ukrop, petruşka
  • Duz, burç
  • Suýuk ýag

Hamyr üçin:

  • 1 stakan kefir
  • 1 stakan un
  • 1 stakan suw
  • 2 ýumurtga
  • 1 çemçe şeker
  • 2 çemçe suýuk ýag
  • Hamyr gabardyjy paraşok
  • Duz

Daşy üçin:

  • 1 ýumurtga
  • Galata uny, duzly köke ýa-da suhari owuntygy
  • Suýuk ýag

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. ~ Blinçik resepti ~ Ilki bilen blinçik edeli. Bir gapda ýumurtgany mikser bilen garmaly, duz goşmaly. Gaýnak suw haýaldan goşup garmaly. Gatyk goşup garmaly. Un bilen gabardyjyny aýry gapda garyp azajukdan hamyra goşup garmaly. Şeker we ýag goşup ýene garmaly. Aşagyna ýelmeşmeýän skowarodkada blinçigi iki ýüzüne owürüp bişirmeli. Mende 8 sany blinçik boldy.
  2. ~ Nacinka ~ Içine goşmaly sogan, bolgar burç we otlary dogramaly, üwelen et bilen gowurmaly.
  3. ~ Dolama ~ Blinçigiň içine etli garyndyny goýup iki gyrasyny içe epläp rulet edip oramaly. Ýumurtga we galata unyna bolap ýagly skoworodkada gyzartmaly. Gaýmal bilen saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Blinçik dolama surat 1Blinçik dolama surat 2Blinçik dolama surat 3Blinçik dolama surat 4Blinçik dolama surat 5Blinçik dolama surat 6Blinçik dolama surat 7Blinçik dolama surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 14,310 gezek görüldi. Paýlaş tekst