Skip to content

Katletli badamjan kebaby

Katletli badamjan kebaby

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30

Görnüşi owadan, agzyňda eräp gidýän lezzetli kebap iýesiňiz gelýän bolsa katletli badamjan kebaby göwnüňize ýarajakdyr. Hökman edip görüň, suratlaryny we pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň.

Içindäkiler — Katletli badamjan kebaby taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 kg badamjan
  • Suýuk ýag

Katlet üçin:

  • 500 gram farş
  • 1 sogan
  • 1 ýumurtga
  • 2 diş ýenjilen sarymsak
  • 1 çaý çemçe gara burç
  • 1 çaý çemçe gyzyl burç
  • Duz
  • Ukrop petruşka

Üsti üçin:

  • Pomidor
  • Inçe bolgar burç
  • 1 stakan suw
  • 1 çemçe tomat
  • Duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Badamjanlary ýuwup guratmaly we barmak galyňlygynda tegelek edip kesmeli.
  2. Dogralan Badamjanlary ýagda gyzardyp kagyz solfetka goýmaly.
  3. Katlet üçin agzalan azyklary garmaly.
  4. Katlet şeklini edip tegelek gaba badamjan bilen gezekleşdirip katletleri goýmaly. Ikisem gutarýança etmeli.
  5. Ortasynda galan boş ýere pomidory we bolgar burçy dograp goýmaly.
  6. Tomat, suw we duzy garyp naharyň üstüne guýmaly.
  7. 170 dereje duhowkada ýa-da multiwarkada "Wypeçka" rejimde 30 minut bişirmeli.
  8. Kebabyň ýany bilen halaýan garniriňizi hem taýynlap saçaga goýup bilersiňiz. Men gaýnadylan tüwi garnirini edip nar sousy bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Katletli badamjan kebaby surat 1Katletli badamjan kebaby surat 2Katletli badamjan kebaby surat 3Katletli badamjan kebaby surat 4Katletli badamjan kebaby surat 5Katletli badamjan kebaby surat 6Katletli badamjan kebaby surat 7Katletli badamjan kebaby surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 5,216 gezek görüldi. Paýlaş tekst