Näçe adamlyk: 😊 12 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 20
Şekerpare türk aşhanasynda duş gelýän hamyrdan bişirilýän şerbetli köke. Şerbeti kökäniň içine siňip agzyňda ereýän ýumşak süýji tagam berýär.
Içindäkiler — Şekerpare – şerbetli türk köke taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 3 stakan un.
- 5 çemçe mannyý ýarmasy (kaşa).
- 180 gram mesge ýa-da margarin .
- 2 sany ýumurtga ( biriniň sarysy üstüne çalmak üçin ).
- 1 stakan şeker tozy.
- 10 gram gabardyjy.
Şerbeti üçin:
- 3 stakan şeker.
- 3 stakan suw.
- 1 çaý çemçe limon suwy.
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Şerbet üçin suw we şekeri bir gaba salyp gaýnadyň. Gaýnan soň limon suwyny goşyň we aşagynyň odyny öçüriň.
- Şekerpare hamyry üçin undan başga önümleri bir gaba salyp garmaly. Mesge otag ýylylygynda ýumşak bolmaly.
- Uny azajykdan goşup eliňize ýelmeşmeýän gatyja hamyr garmlay.
- Hamyrdan kiçi owal şekiljikler ýasap ýag çalynan protfine goýyň. Kökejikleriň üstünden isleseňiz wilka bilen basyp çyzyjak şekil edip bilersiňiz. Üstüne ýumurtganyň sarysyny çalyň.
- Öňünden 180 gradys gyzdyrylan duhowkada 20 minut bişiriň.
- Bişen şekerpare kökelerini duhowkadan çykaryp Üstüne şerbet guýar ýaly bir gaba aýyryp biraz sowaýança 3-4 minut garaşyň.
- Şerbedi ýuwaşjadan şekerpareniň üstüne guýyň.
- Şerbet içine siňer ýaly üstüni ýapyp azyndan 2 sagat garaşmaly. 1 gün garaşsaňyz şerbet has gowy siňer we tagamy gowy bolar. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Şekerpare türk aşhanasynda duş gelýän hamyrdan bişirilýän şerbetli köke. Şerbeti kökäniň içine siňip agzyňda ereýän ýumşak süýji tagam berýär.
IÇINDÄKILER:
• 3 stakan un.
• 5 çemçe mannyý ýarmasy (kaşa).
• 180 gram mesge ýa-da margarin .
• 2 sany ýumurtga ( biriniň sarysy üstüne çalmak üçin ).
• 1 stakan şeker tozy.
• 10 gram gabardyjy.
Şerbeti üçin:
• 3 stakan şeker.
• 3 stakan suw.
• 1 çaý çemçe limon suwy.
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Şerbet üçin suw we şekeri bir gaba salyp gaýnadyň. Gaýnan soň limon suwyny goşyň we aşagynyň odyny öçüriň.
✔ Şekerpare hamyry üçin undan başga önümleri bir gaba salyp garmaly. Mesge otag ýylylygynda ýumşak bolmaly.
✔ Uny azajykdan goşup eliňize ýelmeşmeýän gatyja hamyr garmlay.
✔ Hamyrdan kiçi owal şekiljikler ýasap ýag çalynan protfine goýyň. Kökejikleriň üstünden isleseňiz wilka bilen basyp çyzyjak şekil edip bilersiňiz. Üstüne ýumurtganyň sarysyny çalyň.
✔ Öňünden 180 gradys gyzdyrylan duhowkada 20 minut bişiriň.
✔ Bişen şekerpare kökelerini duhowkadan çykaryp Üstüne şerbet guýar ýaly bir gaba aýyryp biraz sowaýança 3-4 minut garaşyň.
✔ Şerbedi ýuwaşjadan şekerpareniň üstüne guýyň.
✔ Şerbet içine siňer ýaly üstüni ýapyp azyndan 2 sagat garaşmaly. 1 gün garaşsaňyz şerbet has gowy siňer we tagamy gowy bolar. Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 12 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 20
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/sekerpare-serbetli-turk-koke/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap