Skip to content

Şugundyr püre çorbasy

Şugundyr püre çorbasy

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 120

Duhowkada bişirilen şugundurdan püre çorba has doýgyn tagamly bolýar. Gaýmak we ukrop bilen saçaga goýsa bolýar.

Içindäkiler — Şugundyr püre çorbasy taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 300 gram kartoşka
  • 300 gram şugundyr
  • zeýtun ýagy
  • duuz, gara burç islege görä
  • 1 sany seldereý
  • 1 sogan
  • 1 diş sarymsak
  • 1 litr towukly ýa-da sebzeli bulýon
  • 1/2 çaý çemçesi gury tinýan
  • 1 lawr ýapragy
  • 1 çemçe limon sogy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Duhowkadany 190C derejä çenli gyzdyrmaly. Kartoşka we şugundury arassalamaly, kubik şeklinde kesmeli, duhowkanyň formasyna goýmaly, zeýtun ýagyny guýmaly, duzlamaly we burçlamaly.
  2. Gyzgyn duhowkada ýumşaýança bişirmeli, takmynan 1 sagat.
  3. Gazanyň düýbüne 2 çamçe zeýtun ýagy guýmaly, ownuk dogralan seldereý, sogan, sarumsak salmaly. Sogam bişýänçe gowurmaly, takmynan 5 minut. Duhowkada bişen gök önümleri, bulýon, timýan, lawr ýapragyny goşmaly. Gaýnama derejesine ýetirim ody peseltmeli. Seldereý ýumşaýança bişirmeli, takmynan 45 minut.
  4. Otdan aýyrmaly, lawr ýapragyny çykarmaly. El blenderi bilen püre şekline getirmeli. Süýt we limon sogyny goşmaly, garmaly.
  5. Süýdiň ýerine gaýmak ýa-da gatyk ulansa hem bolýar.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,398 gezek görüldi. Paýlaş tekst