Skip to content

Üwelen etli kaboçki we burç dolma

Üwelen etli kaboçki we burç dolma

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 45 | Bişirmek: ⏰ 40

Agzyňda eräp gidýän nazik kaboçkili dolmalaryň resepti.

Içindäkiler — Üwelen etli kaboçki we burç dolma taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 4 sany Kaboçki
  • 7 sany bolgar burç
  • 1 pomidor

Içini doldyrmak uçin:

  • 300 gram üwelen et (farş)
  • 1 sogan
  • 1 ýumurtga
  • 3 diş sarymsak
  • Ukrop, petruşka
  • Gara burç, duz

Sous üçin:

  • 1 çemçe tamat
  • 1 stakan suw
  • duz

Garnir:

  • 2 stakan tüwi
  • 3 stakan suw
  • duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Kaboçkileri ýuwyp bolgar burg ululygynda kesmeli. Içini inçe piçak bilen aýyrmaly, isleseňiz aýrylan içlerini hem farşa goşsa bolýar. Bolgar burçlarynyň we pomidoryň hem içlerini aýyrmaly.
  2. Bir gapda üwelen et, dogralan sogan, dogralan sarymsak, dogralan ukrop petruşka, duz , gara burçm ýumurtga goşup garmaly.
  3. Farş garyndysyny taýynlan kaboçki, bolgar burç we pomidoryň içine doldurmaly we bişirjek gabymyza dik edip goýmaly.
  4. Aýry bir gapda sous üçin tomat, suw we duz garmaly. Dolmalry bişirýän gabymyzyň içine guýmaly.
  5. Duhowka ýada multiwarkadnyň "Wypeçka" modynda 40 minut bişirmeli.
  6. Garnir üçin tüwiniň, suw we duz goşup gazançykda bişirmeli.

Suratlary

Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 1Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 2Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 3Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 4Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 5Üwelen etli kaboçki we burç dolma surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 4,155 gezek görüldi. Paýlaş tekst