Skip to content

Hindi towugyndan sous

Hindi towugyndan sous

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 120

Köp adamyň halaýan sous nahary, etleri agzyňyzda eräp digýän, çorbasy diýseň tagamly, iýdikçe has köp iýesiň gelýän hindi towugyndan sous hanarynyň ýönekeý resepti.

Içindäkiler — Hindi towugyndan sous taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 kg hindi towuk eti
  • 500 gr kartoşka
  • 3-4 sany Sogan
  • 4-5 sany pamidor
  • 100ml ösümlik ýagy
  • Suw
  • Duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Gazana yagy guŷmaly we duzlanan eti atmaly. Reňki biraz gyzarŷança gowurmaly.
  2. Soganyny atyp yumşayança gowurmaly.
  3. Soňra pamidoryny salyp gowja gowurmaly.
  4. Kartoşkalary uzyn-uzyn edip dogramaly we gazana atmaly. Soňra kartoşkanyň üstüne çykyp duran suw guyup duzuny sazlap gazanyň gapagyny ŷapyp aram otda 1.5 sagat töweregi goyup bişirmeli.

Suratlary

Hindi towugyndan sous surat 1Hindi towugyndan sous surat 2Hindi towugyndan sous surat 3Hindi towugyndan sous surat 4Hindi towugyndan sous surat 5Hindi towugyndan sous surat 6Hindi towugyndan sous surat 7Hindi towugyndan sous surat 8Hindi towugyndan sous surat 9

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,566 gezek görüldi. Paýlaş tekst