Skip to content

Lawaşdan otly peýnirli içlekli

Lawaşdan otly peýnirli içlekli

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30

Taýyn lawaşdan tiz taýyn bolýan otly we peýnirli içlekli resepti.

Içindäkiler — Lawaşdan otly peýnirli içlekli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 200 gr ot (ukrop, petushka).
  • 200 gr peýnir.
  • 1 paket (4 list lawaş).
  • 2 ŷumurtga (biriniñ sarysy üstüne).
  • 1 uly sogan.
  • 100ml gatyk .
  • Duz.
  • Gara burc (islega göra).
  • Ösümlik ŷagy.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Giňiş skoworodkada Ownuk dogralan sogany we gök otlary gowurmaly. Duzuny, burçuny islege göra atmaly. Soñra aşagyny öçürip sowaýança goýmaly.
  2. Gatygy gaba guyup üstüne yumurtgany çakmaly we gowy edip garmaly.
  3. Duhowkany öňünden gyzdyryp goymaly.
  4. Duhowkanyñ 4 burç galybyny ŷaglap lawaşy ŷerleşdirmeli. Üstüne gatykly garyndydan 3 çemçe guýup lawaşyñ ähli yerine çalmaly we ikinji lawaşyny üstüne yazyp gatygy çalyp otlaryň ýaryny üstüne guýup ýaýratmaly. Syhahdan geçirilen peýniriň hem ýarymyny goýmaly.
  5. Üçinji lawaşy hem 2-nji ýaly edip ot we peýniri goýmaly.
  6. Soňra 4nji gaty goyup üstüne yumurtga sarysyny çalyp 180°de goyup 25-30 min bişirmeli. Işdäňiz acyk bolsun.

Suratlary

Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 1Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 2Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 3Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 4Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 5Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 6Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 7Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 8Lawaşdan otly peýnirli içlekli surat 9

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 909 gezek görüldi. Paýlaş tekst