Näçe adamlyk: 😊 4-6 | Taýynlmak: ⏰ 20 min. | Bişirmek: ⏰ 50 min.
Içindäkiler — Guzy etinden sous taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 600 gram guzy eti
- 50 ml suýuk ýag
- 3 käşir
- 3 kartoşka
- 1 sogan
- 2 bolgar burç
- 1 çemçe tomat
- Duz, burç
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Böleklenen süňkli guzy etini (gapyrga ýa-da boýun) duzlap gyzdrylan ýagly gazsana atyp daşy gyzarar ýaly gowurmaly. Hemme ýeri deň gyzarar ýaly bulamaly, 5-10 minut bişirmeli.
- Sogany ownuk dograp gazana atmaly we 5 minut gyzartmaly.
- Käşiri barmak galyňlygynda dograp gowurmaly 5-10 minut.
- Kartoşkany iri dogramaly, bolgar burçy orta dogramaly we gazana atmaly. Tomaty suwda eredip goşmaly. Üstüni çala ýapýança suw guýmaly. Duz we burç atmaly.
- Gazanyň suwy gaýnan soň odyny gowşatmaly we 30 minut ýa-da kartoşka bişýänçe bişirmeli. Kartoşka atan soň bulamak hökman däl, ýogsam kartoşkalar bölüner.
- Guzy eti ýumşap bişýär we tgamly çorba bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.