Skip to content

Profiterol

Profiterol

Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 25

Fransuz aşhanasynyň meşhur süýji tagamy profiterol. Gaýnama hamyrdan (Заварное тесто) kiçi topjagaşlar şeklinde, içi köplenç süýji gaýnadylan krem bilen doldyrylýan desert.

Içindäkiler — Profiterol taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 bulgur suw
  • 100 gr mesge yagy
  • 1 bulgur un
  • 4 sany ýumurtga
  • 1 çümdik duz

Kremi üçin:

  • 400 ml süŷt (2bulgur)
  • 1.5 nahar cemce un
  • 1.5 cemçe krahmal
  • 1 sany ýumurtga
  • 5 nahar çemçe şeker
  • Wanilin
  • 180 gr mesge

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bn kremini tayynlamaly. Bir gapda uny, krahmaly (yok bolsa unam bolyar), şekeri, yumurtgany we 2 nahar çemçe suydi gowja garmaly.
  2. Kremi bişirjek gabymyza 400ml suydi guyup unly garyndyny süydüň ustune goshup mazaly garyp oduň üstune goýmaly. Krem goýalýança eliňi aýyrman garyşdyryp durmaly. Goýalan soň aşagyny öçürip üstune 30 gr mesgäni we wanilini garmaly. Kremi tiz sowamagy ücin başga gaba geçirip yuzune strec paket ýapyp gyra aýyrmaly.
  3. Ekleriň hamyryny taýyarlamaly. Bir gaba 120 gr mesgäni we 1 bulgur suwy guýup otda goýmaly. Gaýnaýança garaşmaly. Soňra 1 bulgur ununy ýuwaş ýuwaşdan goşup 5-6 minut garyşdyrmaly. Aşagyny oçurip 5 minut sowayança goýmaly.
  4. Hamyr sowansoň ýumurtgalarany bir-birden goşup mazaly garmaly. Hamyr taýýar.
  5. Howur pejiñ galybyny ýaglap islegnize görä ululykda çemçe bn hamyrdan goýup çykmaly. Howur peje salyp ilki 15 minut 220°de goýup ,soňra 160°a goýup saralýança 10 minut töweregi bişirmeli. Ekleri peje salanyňyzdan soň gapagyny hiç-hili açmaly daldir!!! Bişen kökeleri çykaryp sowamana goýmaly.
  6. Otag ýylylygyndaky 150 gr mesgäni bir gaba salyp mikseriň komegi bn gowy çalmaly we öňden tayyarlan sowan kremimizi yuwaş-yuwaşdan çemçeläp mesgäniň ustune goşmaly we çemçe kömegi bn garyşdyrmaly.
  7. Eklerlarmyzyň içini konditer haltajygyň komegi bn ya-da pyçak bn kesip çemçeläp krem bn doldurmaly we islega görä bezap saçaga äbermeli. Taýýarlap görmegi maslahat berýän, öran lezzetli bolýar. Işdäňiz acyk bolsun!!!

Suratlary

Profiterol surat 1Profiterol surat 2Profiterol surat 3Profiterol surat 4Profiterol surat 5Profiterol surat 6Profiterol surat 7Profiterol surat 8Profiterol surat 9Profiterol surat 10Profiterol surat 11Profiterol surat 12Profiterol surat 13Profiterol surat 14Profiterol surat 15Profiterol surat 16

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 6,433 gezek görüldi. Paýlaş tekst