Skip to content

Bananly parfe (parfait)

Bananly parfe (parfait)

Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 5

Fransuz deserti parfe (parfait) – miweli buzgaýmaga meňzeýän, doňduryp iýilýän, suýji desert. Bu reseptde banan ulandym, isleseňiz ýertut, kiwi, şetdaly ýaly halaýan miweleriňizi hem ulanyp bilersiňiz. Hökman edip görüň.

Içindäkiler — Bananly parfe (parfait) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sany krem şanti (150 gram)
  • 1,5 stakan süýt
  • 7 köke
  • 1 banan
  • 50 gram şokolad

Sous üçin:

  • 2 çemçe kakao
  • 2 çemçe gaýmak
  • 3 çemçe şeker
  • 1 çemçe mesge

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Içine goşjak harytlarymyzy banan, şokolad, kökeleri kubik edip dogramaly. Şokolady has ownyk etmeli.
  2. Süýde krem şantini goşup mikser bilen goýy krem bolýança garmaly, takmynan 5 minut.
  3. Kremiň içine dogran önümlerimizi goşup çemçe bilen garmaly.
  4. Şekil berjek gabumuza streç plýonkany ýazmaly we içine kremi goýmaly. Çemçe bilen ütünden çalaja basmaly we üstüni hem plýonka bilen ýapyp buzlyga (marozilka) azyndan 4 sagatlyk goýmaly.
  5. Parfe gowy edip gatan soň üstüniň şokoladly sousyny etmeli. Sous üçin gerekli harytlary bir gazanjyga salyp haýal otda gaýnaýança bulap bişirmeli. Gýnan soň ýene 3 minut garyp bişirmeli.
  6. Sous biraz sowan soň buzlukdan parfeni çykaryp plýonkalaryny aýyrmaly we bir tabaga ýada podnosa goýmaly. Şokoladly sousy bir pakediň içine goýup ujyny kiçijek edip deşmeli we pakedi gysyp sousy inçe çyzyk şeklinde parfeniň üstüne çyzmaly. Ýene buzlykda ýarym sagat goýmaly we bananly parfemiz iýmäne taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Bananly parfe (parfait) surat 1Bananly parfe (parfait) surat 2Bananly parfe (parfait) surat 3Bananly parfe (parfait) surat 4Bananly parfe (parfait) surat 5Bananly parfe (parfait) surat 6Bananly parfe (parfait) surat 7Bananly parfe (parfait) surat 8Bananly parfe (parfait) surat 9Bananly parfe (parfait) surat 10Bananly parfe (parfait) surat 11

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 7,308 gezek görüldi. Paýlaş tekst