Skip to content

Bugda balyk

Bugda balyk

Näçe adamlyk: 😊 1 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 30

Balygyň ýumşajyk lezzetli etini witamin we ýokumly maddalarynyň has köp bölegini gorap bişirmegiň usuly bugda bişirmek. Bişirmek öran aňsat, iýmek diýseň tagamly.

Içindäkiler — Bugda balyk taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 800 gram balyk
  • Duz, gara burç, şafran ýa-da başga halaýan tagam beriji

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Balygy arassalamaly, duz burç sepip siňdirmek üçin biraz okalamaly.
  2. Multiwarka "bugda bişirmek" (на пару) rejimde ýa-da manty gazanda aşagyna 1 litr ýaly suw goýmaly, üstündäki gaba balygy goýmaly. Derýa balygy bolsa 30 minut, deňiz balygy bolsa 15-20 minut bişirmeli.
  3. Halaýan garniriňizi we saladyňyzy ýanyna taýynlap saçaga goýaýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Bugda balyk surat 1Bugda balyk surat 2Bugda balyk surat 3Bugda balyk surat 4

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,943 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Tags: