Näçe adamlyk: 😊 2-4 | Taýynlmak: ⏰ 10 min.
Aňsat salatlaryn biri bolan çopan salaty taýynlamagyň tarypy.
Içindäkiler — Çopan salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 hyýar
- 2 pomidor
- 1 sogan
- 1 bolgar burç
- 5 çemçe gaýmak
- Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Hyýar we pomidory ownuk kwadrat dogramaly
- Sogan we bolgar burçy inçejik edip dogramaly
- Hemmesini garyp duz goşmaly.
- Gaýmak goşmak islege görä, hökmany däl. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary



* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.