Näçe adamlyk: 😊 10-12 | Taýynlmak: ⏰ 30 min. | Bişirmek: ⏰ 30 min.
Doýuryjy salat iýesiňiz gelýän bolsa ynha size makaronly salat resepti.
Içindäkiler — Makaronly Towuk salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 paket makaron
- 500 gram towuk döşi
- 1 mekge konserwa
- 1 goroh konserwa
- 10 sany kiçi duzlanan hyýar
- 6 çemçe maýonez
- 6 çemçe gaýmak
- Duz
- Suw
- Suýuk ýag
- Ukrop, petruşka, gyzyl burç
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Makarony 1-2- damja ýag goşup gaýnadyň.
- Towugy hem aýry gaplarda gaýnadyň
- Makarony sowsyz edip süzüp alyň.
- Üstüne duzlanan hyýarlary koçi dograň, goroh, mekge, maýonez, gaýmak we didilen towyk döşini goşup garyň.
- Serwis tabaklaryna goýup üstüne ownuk dogralan gök otlar bilen ýa-da gyzyl burç bilen bezäň. Işdäňiz açyk bolsyn!
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.