Näçe adamlyk: 😊 2-4 | Taýynlmak: ⏰ 30 min.
Az koloriýaly aňsat taýynlanýan salat resepti.
Içindäkiler — Marinowat edilen kömelekli salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 çemçe bankadan rassol
- 1/2 sogan
- 1 çemçe ösümlik ýa-da zeýtun ýagy
- 1 banka (300 gram) marinowat edilen kömelek
- 2 Pomidor
- 1 bolgar burç
- ukrop
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Sogany arassalamaly we halka şeklinde kesmeli. Bolgar burçyň içini aýyrmaly we çyzyk şeklinde kesmeli. Pomidory halka ýa-da dilim edip dogramaly. Ukroby ýuwup, guratmaly, we ownuk dogramaly. Bulary bir gama goýmaly.
- Kömelekleri suwuny syrykdyryp çykarmaly. 1 çemçe rassol (kömelegiň bankada galan suwy) zaprawka üçin galdyrmaly. Kömelekleriň irilerini dogramaly, ownuklary bolsa bolşy ýaly salada goşmaly.
- Ösümlik ýa-da zeýtun ýagyny rassol bilen garmlay we salada goşup garmaly. islege görä duzlamaly.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.