Näçe adamlyk: 😊 1-2 | Taýynlmak: ⏰ 15 min. | Bişirmek: ⏰ 15 min.
Sezar salatynyň köp görnüşi bar emma hemmesiniň içinde towuk eti we towuk ýumurtgasy ulanylýar, şeýle hem salada esasy tagam erýän onyň original sousy; linonyň soky, gorçitsa we zeýtun ýagy bilen edilýär. Sousa öňler ýumurtga hem goşulýän ekeni ýöni häzirler ony goşanoklar.
Içindäkiler — Towukly sezar salaty taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 150 gram towuk file
- 1 pomidor
- 2 ýumurtga
- 2 bölek ak çörek
- 4 sany salat ýapragy
- 2 çemçe zeýtun ýag
- 1 çemçe limon sok
- gorçitsa
- künji çigidi
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýumurtgany gaýnatmaly.
- Towuk filesini inçe dogramaly we ýagda dyzarýança gowurmaly.
- Çöregi kiçi kubiklere kesmeli we duhowkada guratmaly, suhari etmeli.
- Pomidory inçe edip dogramaly.
- Bir tabaga slat ýapraklaryny goýmaly. Üstüne pomidor, suharini, kesilen ýumurtgany we gowrulan towugy goýmaly.
- Sousy taýynlamak üçin bir gapda limon sogyny (taýyn ýa-da täze limondan), zeýtun ýagyny we tagamyna görä gorçitsany garmaly. Sousy saladyň üstünden guýmaly.
- Salady nahardan öň işdeaçar hökmünde ýa-da esasy nahar ýerine hem goýup bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsyn.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.