Skip to content

Kaboçki dolama

Kaboçki dolama

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 60

Bolgar burç ýa-da kelem dolamasy köplenç taýynlanýan naharlardyr. Edil şolar ýaly edip kaboçkili dolama hem bişirip bolýar. Kaboçkiden näme taýynlaýyn diýip gözleýänler üçin üýtgeşik bir dolama resepti.

Içindäkiler — Kaboçki dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 7-8 sany kaboçki
  • 200 gram üwelen et
  • 1 bolgar burç
  • 1 sogan
  • 1 çemçe tomat
  • Ýarym stakan tüwi
  • 3 çemçe suýuk ýag
  • 1 sany pomidor
  • Duz, burç

Sousy üçin:

  • 1 çemçe tomat
  • 1 stakan suw

Üsti üçin:

  • 3 diş sarymsak
  • 1 stakan gatyk

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Kaboçkileri ortasyndan ikä bölüp içini kiçi çemçe bilen oýmaly.
  2. Sogan we bolgar burçy kiçi dogramaly. Üwelen et we pomidordan başga galan azyklary garmaly.
  3. Kaboçkiniň içini üwelen etli garyndy bilen doldurmaly, bir gazana goýmaly. Üstüne pomidory kesip gapajyk ýaly edip goýmaly.
  4. Tomat we suwy garyp sous etmeli we gazana guýmaly.
  5. Gazany haýal otda 1 sagat gapagyny ýapyp bişirmeli.
  6. Sarymsak bilen gatygy garyp tabaga goýulan kaboçkili dolamanyň üstüne guýup saçaga goýmaly.

Suratlary

Kaboçki dolama surat 1Kaboçki dolama surat 2Kaboçki dolama surat 3Kaboçki dolama surat 4Kaboçki dolama surat 5Kaboçki dolama surat 6Kaboçki dolama surat 7Kaboçki dolama surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,472 gezek görüldi. Paýlaş tekst