Skip to content

Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки)

Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки)

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 60

Içindäkiler — Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 kg asma kömelek (вешенки)
  • 140 gram ösümlik ýagy
  • 200 gram gaýmak
  • 3-4 sany sogan
  • Sarymsak, ukrop, petruşka, duz, burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Kömelegi suwda gowyja ýuwup orta ululykda bolar ýaly dogramaly.
  2. Gazana suýuk ýag goşup gowy gyzandan soň kömelekleri goşmaly. Kömelekler gyzyp başlanda özleri suwuny çykarýar we gazany doldurýar. Duzlamaly we suwy bugaryp butarýança gowurmaly.
  3. Kömelekler gowrulýarka sogany ýarym halka şeklinde dogramaly we aýry bir skoworodkada sähel gyzarýaça gowurmlay.
  4. Kömelegiň suwy doly bugarýança garaşmaly we gowrulan sogany, gaýmagy gazana goşmamly. Odyny peseldip 30 minut bugda bişirmeli.
  5. Taýyn bomanka islege görä ukrop, petruşka, sarymsak dograp goşmaly. Gara we gyzyl burç islege görä goşmaly.
  6. Kömelegiň ýanyna kartoşka pýure garnir gowy gelişýär. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 1Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 2Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 3Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 4Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 5Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 6Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 7Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 8Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 9Gaýmakly buglanan asma kömelek (вешенки) surat 10

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,124 gezek görüldi. Paýlaş tekst