Skip to content

Jigirdek (jyzzyk)

Jigirdek (jyzzyk)

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 150

Goýnuň guýrugy ýa-da malyň ýagy gowrulandan soň eremän galýan gowurdak, ýag gowurdagy, jyzzyk.

Içindäkiler — Jigirdek (jyzzyk) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • Goýun guýruk ýagy
  • Suw (guýruk ýagyn möçberine göra)
  • Duz

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Guýruk ýagyny başam barmagyn yokarky bogny ýaly gornuşde dogramaly.
  2. Gazana salyp üstune çykyp duran suw guýmaly we gaýnaýança güýçli otda goýmaly.
  3. Gaýnap başlanda ýüzüne çykan ak köpüklerni aýyrmaly we aşagyny peseltmeli. Duzuny atmaly.
  4. 2,5 sagat töweregi gowja gaýnan soň suwy gutaryp jigirdek ýaga durup başlaýar we gazandan lykyr-lykyr sesler gelýär. Şondan soň gazanyň oduny güýçlendirip jigirdegi gyzarýança gowurmaly.
  5. Aşagyny öçürip jigirdegni aýry gaba süzüp almaly. Dury ak ýagyny aýratyn gaba salyp sowamana goýmaly.
  6. Jigirdegi ýagly, etli çoreklere ulanyp bilersiňiz dury ýagyny bolsa dürli naharlara goşsaňyz hem oran tagamly bolyar. Jigirdegi gury gyzgyn türkmen çoregi bn çaŷyň yanyndan hem iýseň bolýar!

Suratlary

Jigirdek (jyzzyk) surat 1Jigirdek (jyzzyk) surat 2Jigirdek (jyzzyk) surat 3Jigirdek (jyzzyk) surat 4Jigirdek (jyzzyk) surat 5Jigirdek (jyzzyk) surat 6Jigirdek (jyzzyk) surat 7

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 590 gezek görüldi. Paýlaş tekst