Skip to content

Kädide tworogly zapekanka

Kädide tworogly zapekanka

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 60

Örän aňsat we peýdaly resept, limon gabykly ýumşak tworog we tagamly kädi, desert üçin edip görüň. Bu reseptde asyl tagam berýän limon, iýen wagty hem azajyk limon sepip iýseňiz has tagamly bolýar.

Içindäkiler — Kädide tworogly zapekanka taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 kg Kädi
  • 500 gram tworog
  • 2 ýumurtga
  • 6 çemçe şeker
  • Ýarym limon
  • 2-3 çemçe mannaýa kaşa

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Şeker, limonyň terkadan geçirilen gabygy we ýumurtgany çuň gapda mikser bilen köpürjük emele gelýänçe garmaly.
  2. Mannaýa kaşa goşup ýene garmaly.
  3. Tworog goşup ýene mikser bilen gowy edip garmaly.
  4. Kädini tabak ýaly edip kesmeli we içiniň çigidini çemçe bilen aýyrmaly. Daşyny gowy edip ýuwmaly. Içine limon suwuny sepmeli.
  5. Tworogly garymy kädiniň içine guýmaly.
  6. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada 1 sagat bişirmeli. Eger kädi galyň bolsa ýene ýarym sagat bişirmeli. Üsti duhowkada garalmasyn diýseňiz folga bilen örtmeli.
  7. Taýyn bolan soň bir salym sowadyp saçaga goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Kädide tworogly zapekanka surat 1Kädide tworogly zapekanka surat 2Kädide tworogly zapekanka surat 3Kädide tworogly zapekanka surat 4Kädide tworogly zapekanka surat 5Kädide tworogly zapekanka surat 6Kädide tworogly zapekanka surat 7

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 958 gezek görüldi. Paýlaş tekst