Näçe adamlyk: 😊 4-6 | Taýynlmak: ⏰ 15 min. | Bişirmek: ⏰ 45 min.
Gaýmakly towuk çorbasy, tagamly we bişirmek aňsat resepti. Islege görä çorba käşir, brokoli, sogan, tüwi, lawr ýapragy hem goşup dürli tagamlar döredip bilersiňiz.
Içindäkiler — Kremli towuk çorba taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 sany süňkli towyk döşi.
- 6 stakan suw.
- 2 çemçe mesge.
- 1 çaý çemçesi un.
- 200ml gaýmak.
- duz, gara burç.
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towugy suwda gowy edip ýuwmaly we gazana suw guyup 20miniut orta otda gaýnatmaly. Towuk ýumşamaly. Bulýon dury bolar ýaly gazanyň ýüzüne çykýan köpürjikleri aýurmaly.
- Bişen towugy çykarmaly we deri, süňk, kykyrdawygyny aýyrmaly. Etini elimiz bilen kiçi böleklere dogramaly.
- Aýry bir gazanda mesgäni eretmeli. Köpürjiklän ýaga un goşup biraz gyzarýança pes otda gowurmaly.
- Gyzgyn towuk suwyny süzüp azajykdan goşmaly we dügürtek emele gelmez ýaly garmaly.
- Duz, burç goşmaly. Gaýmak we didilen towuk etini goşmaly. Pes otda 15 minut bişirmeli. Gaýmak goşan soň hökman pes otda bişirmelidir.
- Taýyn bolan kremli towuk çorbasyny nahar käselerine guýmaly. Üstüne dogralan petruşka sepmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.