Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 45 | Bişirmek: ⏰ 40
Agzyňda eräp gidýän nazik kaboçkili dolmalaryň resepti.
Içindäkiler — Üwelen etli kaboçki we burç dolma taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 4 sany Kaboçki
- 7 sany bolgar burç
- 1 pomidor
Içini doldyrmak uçin:
- 300 gram üwelen et (farş)
- 1 sogan
- 1 ýumurtga
- 3 diş sarymsak
- Ukrop, petruşka
- Gara burç, duz
Sous üçin:
- 1 çemçe tamat
- 1 stakan suw
- duz
Garnir:
- 2 stakan tüwi
- 3 stakan suw
- duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Kaboçkileri ýuwyp bolgar burg ululygynda kesmeli. Içini inçe piçak bilen aýyrmaly, isleseňiz aýrylan içlerini hem farşa goşsa bolýar. Bolgar burçlarynyň we pomidoryň hem içlerini aýyrmaly.
- Bir gapda üwelen et, dogralan sogan, dogralan sarymsak, dogralan ukrop petruşka, duz , gara burçm ýumurtga goşup garmaly.
- Farş garyndysyny taýynlan kaboçki, bolgar burç we pomidoryň içine doldurmaly we bişirjek gabymyza dik edip goýmaly.
- Aýry bir gapda sous üçin tomat, suw we duz garmaly. Dolmalry bişirýän gabymyzyň içine guýmaly.
- Duhowka ýada multiwarkadnyň "Wypeçka" modynda 40 minut bişirmeli.
- Garnir üçin tüwiniň, suw we duz goşup gazançykda bişirmeli.
Suratlary






* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.