Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 120 | Bişirmek: ⏰ 60
Öýde bişirilen napoleon (napalýon) tort, hoz we sguşýonkaly krem bilen , örän lezzetli , agzyňda ereýär. Krem gowy edip siňer ýaly öňünden taýynlamany unutmaň.
Içindäkiler — Napoleon tort taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 250 gram mesge
- 2 skatan un
- 1 ýumurtga
- 2 çemçe limon sogy
- 1/2 stakan sowuk suw
Krem üçin:
- 400 gram sguşýonka (1 banka)
- 200 gram mesge
- 200 gram hoz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýarym stakan suwa limonyň sogyny goşup ýumurtga bilen garmaly.
- Uly jama mesgäni salyp dogramaly. Un we limonly garyndyny azajykdan goşup garmaly, hamyr etmeli.
- Hamyry 8 şarige bölüp 1 sagat holodilnikde goýmaly.
- Her şarigi un sepip ýagly kagyzda ýaýmaly we wilka bilen dürtmeli. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada takmynan 15 minut owadan altyn renk bolýança bişirmeli.
- Korj bişen soň sowamanka tarelka goýup owadan tegelek edip kesmeli, galanyny külke etmeli tortyň üstüne seper ýaly.
- Kremini taýynlamaly. Ýumşan mesgäni mikser bilen garmaly, sguşýonka goşmaly we birmeňzeş krem bolýança garmaly.
- Hozlary bir pakede goýup oklow bilen owratmaly.
- Her korjige krem çalmaly we hoz sepmeli.
- Iň üstdäki korjy krem çalyp hoz sepen soň korj külkesini sepmeli. Şeýle hem tortyn gyralaryna külke sepmeli.
- Torda krem gowy edip siňer ýaly holodilnikde azyndan 8 sagat goýmaly.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Öýde bişirilen napoleon (napalýon) tort, hoz we sguşýonkaly krem bilen , örän lezzetli , agzyňda ereýär. Krem gowy edip siňer ýaly öňünden taýynlamany unutmaň.
IÇINDÄKILER:
• 250 gram mesge
• 2 skatan un
• 1 ýumurtga
• 2 çemçe limon sogy
• 1/2 stakan sowuk suw
Krem üçin:
• 400 gram sguşýonka (1 banka)
• 200 gram mesge
• 200 gram hoz
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Ýarym stakan suwa limonyň sogyny goşup ýumurtga bilen garmaly.
✔ Uly jama mesgäni salyp dogramaly. Un we limonly garyndyny azajykdan goşup garmaly, hamyr etmeli.
✔ Hamyry 8 şarige bölüp 1 sagat holodilnikde goýmaly.
✔ Her şarigi un sepip ýagly kagyzda ýaýmaly we wilka bilen dürtmeli. 180 dereje gyzdyrylan duhowkada takmynan 15 minut owadan altyn renk bolýança bişirmeli.
✔ Korj bişen soň sowamanka tarelka goýup owadan tegelek edip kesmeli, galanyny külke etmeli tortyň üstüne seper ýaly.
✔ Kremini taýynlamaly. Ýumşan mesgäni mikser bilen garmaly, sguşýonka goşmaly we birmeňzeş krem bolýança garmaly.
✔ Hozlary bir pakede goýup oklow bilen owratmaly.
✔ Her korjige krem çalmaly we hoz sepmeli.
✔ Iň üstdäki korjy krem çalyp hoz sepen soň korj külkesini sepmeli. Şeýle hem tortyn gyralaryna külke sepmeli.
✔ Torda krem gowy edip siňer ýaly holodilnikde azyndan 8 sagat goýmaly.
Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 120 | Bişirmek: ⏰ 60
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/napoleon-tort/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap