Skip to content

Klassiki grek salaty

Klassiki grek salaty

Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 30

Grekler öz salatyna horiatiki diýip atlandyrýalar we Grek feta peýnirinden taýynlaýarlar. Ol has ýagly ýöne brynza ýaly duzly däl, dykyzlygy ýokary. Emma dürli halklaryň kuhnýasynda grek salaty feta peýnirden ýa-da brynzadan taýynlanýar. Esasyn zat pomidorlar bişen bolmaly, ýogsam tagamy isleýşimiz ýaly bolmaz.

Içindäkiler — Klassiki grek salaty taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 hyýar
  • 1 süýji gyzyl bolgar burç
  • 1 süýji sary bolgar burç
  • 250 gram pomidor çerri
  • 1/2 gyzyl sogan
  • 225 gram feta peýniri
  • 100 gram zeýtun
  • 2 diş sarymsak
  • 1 çaý çemçesi oregano
  • 1/2 çaý çemçe gorçitsa
  • 60 ml gyzyl üzüm sirkesi (winegar)
  • 1 çaý çemçe deňiz duzy
  • 1/2 çaý çemçe täze üwelen iri gara burç
  • 125 ml zeýtun ýagy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Hyýarlary ikä keip çigidini aýyryp 5 mm galyňlykda dilim edip dogramaly. Bolgar burçlary 1.5 santimetr kwadrat edip dogramaly.
  2. Çerri pomidorlary ortasyndan ikä kesmeli, sogany inçe ýarym halka edip dogramaly. Ahli dogranlarymyzy uly bir gapda garmaly.
  3. Zaprawka taýynlaly. Sarymsagy ownyk dogramaly. Kiçi gapda sarymsak, gorçitsa, oregano, sirke, duz we burçy çotgajyk bilen garmaly. Zeýtun ýagyny garyyp duran zaprawkanyn içine azaçykdan goşmaly. Taýyn bolan zaprawkany salada goşup garmaly.
  4. Feta peýnirini 1.5 santimetr ululykda kubik edip dogramaly. Zeýtuny çigidinden aýyrmaly. Fetany we zeýtunlary saladyň üstüne goýuşdyrmaly. Otag ýylylygynda 30 minut saklamaly we saladymyz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 5,933 gezek görüldi. Paýlaş tekst