Skip to content

Işlekli

Işlekli

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 50

Türkmeniň milli tagamlarynyň biri bolan işlekliniň öýde, howur peçde bişiriliş resepti.

Içindäkiler — Işlekli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 nahar çemçe gatyk
  • 50gr mesge
  • 1.5 bulgur ýyly suw
  • 4.5 bulgur un
  • 1 çay cemçe duz

Iç harjy üçin:

  • 350 gr goýun ýa-da sygyr eti (jylka)
  • 150gr guýryk ya-da iç ýagy
  • 1 sany uly sogan
  • 1 sany orta boy kartoşka
  • Ýarty bulgar burç
  • 1 sany pamidor
  • Duz
  • Gara burç
  • Ýarty bulgurdan koprak suw

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Hamyryny taýynlamaly. Bir uly jama mesgani, gatygy, suwy, duzyny salyp gowja eretmeli. Ýuwaşjadan ununy salyp ýumşajyk hamyr ýugurmaly. Hamyryň üstüni ýapyp demini alyança goýmaly.
  2. Iç harjyny taýynlamaly. Etini, ýagyny we ähli gök-önümleri uşajyk dograp bir jama salmaly. Üstune duzuny, burçuny islega göra salyp üstune suvuny guýup gowja garmaly.
  3. Demini alan hamyrymyzy deň bolmadyk 2 bölege bölmeli.
  4. Howur peji gyzdyryp goýmaly. Hamyryň uly bölegni galypdan ulurak daşyna çykyp durar edip ýuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Galyby ýaglap hamyry ýazmaly. Hamyryň üstune iç harjymyzy salmaly. 2-nji kiçi hamyrymyzy galybyň üstüne laýyk edip ýaýmaly we işlekliniň üstüni ýapmaly we aşaky hamyr bn gyralaryny birikdirip gowja bükmeli.
  5. Işlekliniň ýuzuni wilka bilen dürtüp çykmaly, isleseňiz gobek hem ýasap bilersiñiz. Howur peje salyp 220°-de 45-50 min gyzarýança bişirmeli. Işdaňiz açyk bolsun!

Suratlary

Işlekli surat 1Işlekli surat 2Işlekli surat 3Işlekli surat 4Işlekli surat 5Işlekli surat 6Işlekli surat 7Işlekli surat 8Işlekli surat 9Işlekli surat 10Işlekli surat 11

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 6,810 gezek görüldi. Paýlaş tekst