Skip to content

Şugundyr salat

Şugundyr salat

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 25

Şugyndyr witaminlere baý ösümlik bolany sebäpli gadymdan bäri derman hökmünde ulanylyp gelýär. Ýapraklaryndan salat, kökünden – salat, çorba, zakuska, napitok we desert taýynlap bolýar. Bu reseptde iň köp duş gelýän şugundyr saladynyň taýynlanyşyny siziň bilen paýlaşmakçy.

Içindäkiler — Şugundyr salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 3 sany şugundyr.
  • Ýarym limonnyň suwy.
  • 3 nahar çemçe ösümlik ýagy.
  • Hoz.
  • Duz.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Şugundyry ýuwyp bir gazana goýuň. Üstüne sowuk suw goşup orta otda ýunşaýança gaýnadyň, takmynan 25 minut. Eger witaminlerini goramak islesiňiz gaýnatmagyň ýerine mantgazanda buga bişirip bilersiňiz.
  2. Suwuny döküp sowuk ýa-da buzy suw guýmaly. Bularýaly edilende şugundyr goýy gyzyl reňkini ýitirmeýär. Şugundyryň daşyny ardyp iri syhahdan geçirmeli.
  3. Ösümlik ýagy, limon we duzy aýry bir gapda gowyja garyp şugundyra goşmaly. Owradylan hozy hem goşmaly we salady garmaly. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Şugundyr salat surat 1Şugundyr salat surat 2Şugundyr salat surat 3Şugundyr salat surat 4

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 2,541 gezek görüldi. Paýlaş tekst