Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 25 | Bişirmek: ⏰ 60
Kesk bişirmek üçin islan miwe we gök önümleri ulanyp bolýar. Şu reseptde käşirli keks taýynlamagyň tarypyny siziň bilen paýlaşýaryn.
Içindäkiler — Käşirli keks taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 ýumurtga
- 1 stakan şeker
- 1 stakan un
- 2 sany käşir
- 1 paket wanilin
- 1 paket gabardyjy paraşok
- 5 gram kakao
- 40 gram şokolad
- 30 gram suýuk ýag
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Ýumurtga bilen şekeri bir gapda köpürjükledip garmaly. Mikser bilen garsa hem bolýar.
- Wanilin, gabardyjy, kakao we uny goşup ýene garmaly
- Käşiri syhahdan ýa-da kombaýndan geçirip hamyra goşmaly we garmaly. Suýukrak hamyr emele gelmeli.
- Multiwarkada ýada duhowkada bişirip bolýar. Biz multiwarkada bişirýäris. Bişirjek gabymyzyň kenarlaryny ýaglamaly. Hamyry gabyň içine guýup "Wypeçka" rejiminde 1 sagat goýmaly.
- 30 minut geçen plitka şokolady 20 sany kiçijek kwadratlara bölmeli we multiwarkanyň gapagyny açyp keksiň her ýerine dikligine sokmaly.
- Bişen soň bişirýän gabymuzu ters öwürüp kekimizi bir ýäsy tabaga almaly. Lezzetli käşir kekimiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Kesk bişirmek üçin islan miwe we gök önümleri ulanyp bolýar. Şu reseptde käşirli keks taýynlamagyň tarypyny siziň bilen paýlaşýaryn.
IÇINDÄKILER:
• 2 ýumurtga
• 1 stakan şeker
• 1 stakan un
• 2 sany käşir
• 1 paket wanilin
• 1 paket gabardyjy paraşok
• 5 gram kakao
• 40 gram şokolad
• 30 gram suýuk ýag
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Ýumurtga bilen şekeri bir gapda köpürjükledip garmaly. Mikser bilen garsa hem bolýar.
✔ Wanilin, gabardyjy, kakao we uny goşup ýene garmaly
✔ Käşiri syhahdan ýa-da kombaýndan geçirip hamyra goşmaly we garmaly. Suýukrak hamyr emele gelmeli.
✔ Multiwarkada ýada duhowkada bişirip bolýar. Biz multiwarkada bişirýäris. Bişirjek gabymyzyň kenarlaryny ýaglamaly. Hamyry gabyň içine guýup "Wypeçka" rejiminde 1 sagat goýmaly.
✔ 30 minut geçen plitka şokolady 20 sany kiçijek kwadratlara bölmeli we multiwarkanyň gapagyny açyp keksiň her ýerine dikligine sokmaly.
✔ Bişen soň bişirýän gabymuzu ters öwürüp kekimizi bir ýäsy tabaga almaly. Lezzetli käşir kekimiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 25 | Bişirmek: ⏰ 60
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/kasirli-keks/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap