Skip to content

Dogralan et gök önümli

Dogralan et gök önümli

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 60

Dohowkada ýa-da multiwarkada dogralan et gök önümler bilen bişiriliş resepti. Örän tagamly we aňsat resept, et agzyňyzda eräp gidýär. Edip görüň.

Içindäkiler — Dogralan et gök önümli taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 kg dogralan et
  • 5 diş sarymsak
  • 1 sogan
  • 3 pomidor
  • 3 bolgar burç
  • 50 ml suýuk ýag
  • Duz, burç, kekik
  • 1 çemçe tomat
  • 1 stakan suw
  • 50 gram mesge

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Eti orta ululykda dogramaly.
  2. Duhowka üçin aýna gaba ýa-da bişirjek gabymyza salmaly.
  3. Sarymsaklary ikä bölüp ete goşmaly, duz, burç, kekik, suýuk ýag goşup garmaly.
  4. Sogany, pomidory, bolgar burçy dörde bölüp, üstüne deň edip goýmaly.
  5. Mesge böleklerini bölüp üstüne goýmaly.
  6. Bir stakanda suw bilen tomaty garmaly we etli gaba guýmaly.
  7. Gabyň üstüni duhowka üçin niýetlenen ýagly kagyz bilen ýapmaly, bugy çykmaz ýaly.
  8. 200 dereje gyzgyn duhowkada 2 sagat, ýa-da multiwarkada "wypeçka" rejimde 1 sagat bişirmeli.

Suratlary

Dogralan et gök önümli surat 1Dogralan et gök önümli surat 2Dogralan et gök önümli surat 3Dogralan et gök önümli surat 4Dogralan et gök önümli surat 5Dogralan et gök önümli surat 6Dogralan et gök önümli surat 7

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 4,781 gezek görüldi. Paýlaş tekst