Skip to content

Duzlanan ajy burç

Duzlanan ajy burç

Näçe adamlyk: 😊 14 | Taýynlmak: ⏰ 20

Ajy burç halaýanlar, palow ýa-da çişligiň ýany bilen duzlanan görnüşini iýesiňiz gelýän bolsa bu resept siziň üçin. Ýylyň islendik paslynda açyp iýip biläýjek duzlanan ajy burç, ýany bilen kysyrdap duran sarymsak diýseň tagamly. Isleseňiz sarymsak ýaly kysyrdaýan käşir ýa-da brýussel kelemini hem goşsaňyz bolýar. Men biraz kelem goşdym.

Içindäkiler — Duzlanan ajy burç taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 500 gr ajy burç
  • 6 diş sarymsak
  • 2 çaý çemçesi uksus
  • 6 çemçe duz
  • 2 çemçe şeker
  • gaýnan suw
  • 2-3 sany lawr ýapragy (lawrowuy list)

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ajy burçy ýeke ýekeden gowy edip ýuwmaly. Sarymsagy arassalamaly.
  2. Bankalary gowy edip ýuwmaly. 500 gram ajy burç 2 sany 720 ml banka sygýar.
  3. Suw gaýnatmaly. Bankalar gyzgyna öwrenşer ýaly banka biraz (50 ml töwerek) gaýnak suw guýyp bankanyň gyralaryna deger ýaly edip aýlamaly.
  4. Suwly bankanyň her birine 1 çaý çemçe uksus, 3 çemçe duz we 1 çemçe şeker goşmaly we eretmelei.
  5. Açy burçlary banka goýmaly. Sarymsak we lawr ýapragyny goşmaly. Men biraz brýussel kelemini hem goşdym.
  6. Banka dolandan soň içine gaýnak suw goşmaly. Bankanyň agzynda biraz howa galmaly.
  7. Bankanyň rezbeli gapaklaryny gowy edip yapmaly. içindäki suwuklyk gowy garylar ýaly 20-30 minut ters öwürüp goýmaly.
  8. Bu şekilde taýynlanan ajy burç 3-5 aýyň dowamynda iýse bolýar.

Suratlary

Duzlanan ajy burç surat 1Duzlanan ajy burç surat 2Duzlanan ajy burç surat 3Duzlanan ajy burç surat 4Duzlanan ajy burç surat 5Duzlanan ajy burç surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,539 gezek görüldi. Paýlaş tekst