Skip to content

Gül kelemli salat

Gül kelemli salat

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 15

Organizme ýetmezçilik edýän ýod bilen baýlaşdyrylan gül kelemli saladyň taýynlanyşyny siziň bilen paýlaşýaryn. Gäl kelemi her gezek satyn alan wagtym "Bu näme?", "Näme nahar bişirip bolýar?" diýip soralýany üçin bu işsäaçaryň reseptini ýazmagy makul bildim. Göwnüňize görä başga salatlaryň içine hem goşsa bolýar. Gülli kelem bilen edilen başga reseptleri hem tagamlar saýtyndan gözläp bilersiňiz.

Içindäkiler — Gül kelemli salat taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sany gül kelem
  • 2 diş sarymsak
  • Şawel, narpyz (ukrop, petruşka hem goşup bilersiňiz) islege görä
  • Limon suwy ýa bir çümmük duz
  • 1-2 nahar çemçesi soýa sousy
  • 2-3 çemçe gaýmak

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Gül kelemi gyzgyn suw bilen ýuwuň, çalaja ýumşamagy gerek.
  2. Soňra düýbüni, ýapraklaryny kesip aýyryň. We güljagaşlary bütew galar ýaly dograň, eliňiz bilen döwüp hem bilersiňiz.
  3. Gaba salyp üstüne limon suwuny guýmaly .
  4. Otlarymyzy garyp gaýmak goşmaly.
  5. Saçaga bermezden öň soýa sousyny goşuň. Işdäňiz açyk bolsun!

Suratlary

Gül kelemli salat surat 1Gül kelemli salat surat 2Gül kelemli salat surat 3Gül kelemli salat surat 4Gül kelemli salat surat 5Gül kelemli salat surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,907 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Tags: