Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30
Görnüşi owadan, agzyňda eräp gidýän lezzetli kebap iýesiňiz gelýän bolsa katletli badamjan kebaby göwnüňize ýarajakdyr. Hökman edip görüň, suratlaryny we pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň.
Içindäkiler — Katletli badamjan kebaby taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 1 kg badamjan
- Suýuk ýag
Katlet üçin:
- 500 gram farş
- 1 sogan
- 1 ýumurtga
- 2 diş ýenjilen sarymsak
- 1 çaý çemçe gara burç
- 1 çaý çemçe gyzyl burç
- Duz
- Ukrop petruşka
Üsti üçin:
- Pomidor
- Inçe bolgar burç
- 1 stakan suw
- 1 çemçe tomat
- Duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Badamjanlary ýuwup guratmaly we barmak galyňlygynda tegelek edip kesmeli.
- Dogralan Badamjanlary ýagda gyzardyp kagyz solfetka goýmaly.
- Katlet üçin agzalan azyklary garmaly.
- Katlet şeklini edip tegelek gaba badamjan bilen gezekleşdirip katletleri goýmaly. Ikisem gutarýança etmeli.
- Ortasynda galan boş ýere pomidory we bolgar burçy dograp goýmaly.
- Tomat, suw we duzy garyp naharyň üstüne guýmaly.
- 170 dereje duhowkada ýa-da multiwarkada "Wypeçka" rejimde 30 minut bişirmeli.
- Kebabyň ýany bilen halaýan garniriňizi hem taýynlap saçaga goýup bilersiňiz. Men gaýnadylan tüwi garnirini edip nar sousy bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Görnüşi owadan, agzyňda eräp gidýän lezzetli kebap iýesiňiz gelýän bolsa katletli badamjan kebaby göwnüňize ýarajakdyr. Hökman edip görüň, suratlaryny we pikirleriňizi biz bilen paýlaşyň.
IÇINDÄKILER:
• 1 kg badamjan
• Suýuk ýag
Katlet üçin:
• 500 gram farş
• 1 sogan
• 1 ýumurtga
• 2 diş ýenjilen sarymsak
• 1 çaý çemçe gara burç
• 1 çaý çemçe gyzyl burç
• Duz
• Ukrop petruşka
Üsti üçin:
• Pomidor
• Inçe bolgar burç
• 1 stakan suw
• 1 çemçe tomat
• Duz
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Badamjanlary ýuwup guratmaly we barmak galyňlygynda tegelek edip kesmeli.
✔ Dogralan Badamjanlary ýagda gyzardyp kagyz solfetka goýmaly.
✔ Katlet üçin agzalan azyklary garmaly.
✔ Katlet şeklini edip tegelek gaba badamjan bilen gezekleşdirip katletleri goýmaly. Ikisem gutarýança etmeli.
✔ Ortasynda galan boş ýere pomidory we bolgar burçy dograp goýmaly.
✔ Tomat, suw we duzy garyp naharyň üstüne guýmaly.
✔ 170 dereje duhowkada ýa-da multiwarkada "Wypeçka" rejimde 30 minut bişirmeli.
✔ Kebabyň ýany bilen halaýan garniriňizi hem taýynlap saçaga goýup bilersiňiz. Men gaýnadylan tüwi garnirini edip nar sousy bilen bezedim. Işdäňiz açyk bolsyn!
Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/katletli-badamjan-kebaby/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap