Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40
Merenga köplenç Şwetsariýa, Fransiýa, Polşa ýa-da Italýan aşhanasynda duş gelýän desert ýa-da süýji.
Içindäkiler — Merenga (Meringue, Безе) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 ýumurtganyň agy
- 1 stakan şeker
- 5 gr wanilin
- 2 gr limon kislatasy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Suw banýasyny ýasamaly. Bir gazanyň içine biraz suw gýmaly. Üstüne gury aýna ýa-da demir gap goýmaly. Üstüne goýan gabymyz suwa we gazanyň düýbüne degmeli däl. Üstündaki gaba ähli önümleri goýmaly. Gazany haýal otda goýmaly. Garyndyny şeker ereýänçe bulamaly.
- Şeker eränden soň gabymyzy gazandan aýyrmaly we aşagyny süpürmeli. Mikser bilen haýal tizlikde garmaly. Ýuwaşjadan garyp mikseriň tizligini soňky derejä çenli ädimler bilen gataltmaly. Krem gowuja goýalýança garmaly.
- Protfine pergament kagyz (ýagly kagyz) ýazlamy. Kremi konditer haltajynyna goýup islän şekliňizi protfine ýasamaly. Isleseňiz konfeti bilen hem üstüni bezäp bilersiňiz.
- Duhowkany 80-100 gradusda gyzdyrmaly we 30-40 minut merengany bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Merenga köplenç Şwetsariýa, Fransiýa, Polşa ýa-da Italýan aşhanasynda duş gelýän desert ýa-da süýji.
IÇINDÄKILER:
• 2 ýumurtganyň agy
• 1 stakan şeker
• 5 gr wanilin
• 2 gr limon kislatasy
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Suw banýasyny ýasamaly. Bir gazanyň içine biraz suw gýmaly. Üstüne gury aýna ýa-da demir gap goýmaly. Üstüne goýan gabymyz suwa we gazanyň düýbüne degmeli däl. Üstündaki gaba ähli önümleri goýmaly. Gazany haýal otda goýmaly. Garyndyny şeker ereýänçe bulamaly.
✔ Şeker eränden soň gabymyzy gazandan aýyrmaly we aşagyny süpürmeli. Mikser bilen haýal tizlikde garmaly. Ýuwaşjadan garyp mikseriň tizligini soňky derejä çenli ädimler bilen gataltmaly. Krem gowuja goýalýança garmaly.
✔ Protfine pergament kagyz (ýagly kagyz) ýazlamy. Kremi konditer haltajynyna goýup islän şekliňizi protfine ýasamaly. Isleseňiz konfeti bilen hem üstüni bezäp bilersiňiz.
✔ Duhowkany 80-100 gradusda gyzdyrmaly we 30-40 minut merengany bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 8 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/merenga-meringue-beze/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap