Skip to content

Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко)

Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко)

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 5 | Bişirmek: ⏰ 90

Goýaldylan süýt (сгущённое молоко) – köplenç şeker bilen konserwirlenen süýt. Köpimiziň kiçilikden çaýa goşup içmäni ýa-da çörege çalyp iýmäni halaýan süýji tagamlaryň biri. Bu reseptde öýde moloko ýasalyşyny siziň bilen paýlaşýan.

Içindäkiler — Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 litr süŷt
  • 1.5 stakan şeker
  • 0.5 çay çemçe hamyr sodasy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Süýdi bişirimeli. Molokony alyumin ya-da çoŷun gapda bişirmegi maslahat berýän.
  2. Süýde şekeri atyp, eraýänçä bulamaly.
  3. Süýt gaýnap durar ýaly aşagynyň oduny sazlamaly.
  4. Süýt şeker bilen 0.5 sagat töweregi gaýnandan soňra, hamyr sodasyny atmaly we aşagynyň oduny pesde goýmaly, sebabi süyt çowýar dykkatly bolmaly.
  5. Süýdi ýene 45 minut töweregi renki goňurlaşyp (mele renk) goýalýança gaýnatmaly.
  6. Süýdiň yüzünde köpurjikler emele gelende molokomyz taýyn bolandygny aňladyar. Eger molokoňyz suwuk bolsa gorkmaň, gaba salyp holodilnikda 4-5 sagat goysaňyz suratdaky yaly goŷy moloko bolar. Tagamy öran lezzetli bolýar. Sizem taýýarlap görüň! Işdäňiz açyk bolsun!

Suratlary

Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 1Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 2Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 3Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 4Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 5Öyde moloko (goýaldylan süýt, сгущённое молоко) surat 6

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,358 gezek görüldi. Paýlaş tekst